4 aýda Türkmenistanda täze Kanunlaryň 16-sy kabul edildi

  • 07.05.2022 15:14
  • 42k+

Geçen dört aýyň dowamynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 16-sy we Mejlisiň kararlarynyň 12-si kabul edildi. Bu barada Hökümetiň 6-njy maýda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň hasabatynda aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, hereket edýän kanunçylyk namalaryny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly hem-de ýurdumyzyň halkara başlangyçlarynyň hukuk esaslaryny goldamaga gönükdirilen kanunlary kämilleşdirmek boýunça degişli işler geçirildi. Halkara we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, duşuşyklaryň 6-sy, şol sanda sanly ulgam arkaly duşuşyklaryň 2-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek we döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek meseleleri boýunça halkara guramalar bilen duşuşyklaryň 42-sine gatnaşdylar. Şolaryň 34-si sanly ulgam arkaly guraldy.

Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Mejlisiň wekilleri ýurdumyzyň welaýatlarynda iş saparlarynda bolup, raýatlar bilen duşuşdylar, olaryň hal-ýagdaýlary bilen gyzyklandylar.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......