Türkiýäniň syýahatçylykdan gazanan girdejisi ep-esli ýokarlandy

  • 02.05.2022 17:04
  • 7.1k+

2022-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Türkiýä 6 311 453 syýahatçy bardy. Olardan 4 902 624 sanysy daşary ýurtlaryň raýatlary, 1 408 829 sanysy daşary ýurtlarda ýaşaýan Türkiýäniň raýatlarydyr diýip, Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi habar berdi. Muny Anadolu agentligine salgylanyp, Day.Az habar berýär.

Edara Türkiýäniň syýahatçylyk ugrunyň koronawirus pandemiýasynyň ilkinji ýyllarynda pese gaçandan soň çalt depginde dikelýändigini aýtdy. Edaranyň maglumatlaryna görä, ýylyň I çärýeginde syýahatçylykdan gazanylan girdeji 5 mlrd 454 mln 488 müň dollara ýetdi. 

Şu ýylyň ilkinji üç aýynda daşary ýurt raýatlary Türkiýede adam başyna ortaça 841 dollar, ýerli syýahatçylar bolsa dynç alyş üçin 849 dollar sarp etdiler. 2022-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Türkiýä gelen daşary ýurt raýatlarynyň sany geçen ýylyň degişli döwründäkiden 151,02 göterim ýokary boldy. 

Türkiýä syýahatçylyk akymynyň ösüşi boýunça Eýran (2021-nji ýylyň I çärýegi bilen deňeşdirilende, 228,43 göterim ösüş), Germaniýa (219,66 göterim ösüş) we Bolgariýa (272,44 göterim ösüş) öňde barýar. TOP-5-e Russiýa bilen Yrak hem girýär. 


düýn 16:31
3.1k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

düýn 14:41
3.9k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

düýn 00:59
6.3k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......

20.06.2026 01:05
4.5k+

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäniň iň uzyn gonuşsyz uçuşyny ýola goýar

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň oktýabrynda Sidneý bilen Londonyň arasynda ilkinji göni uçuşyň başlanjakdygyny yglan etdi. Uzynlygy 16 000 km-den gowrak bolan bu ugur dünýäde iň uzyn ýolagçy gatnawy......