Hytaýyň BYD kompaniýasynyň arassa girdejisi birinji çärýekde 174%-300% ýokarlanyp biler

Hytaýyň BYD kompaniýasynyň arassa girdejisi birinji çärýekde 174%-300% ýokarlanyp biler

Hytaýyň öňdebaryjy elektromobil öndürijii kompaniýasy BYD-yň arassa girdejisi şu ýylyň birinji çärýeginde 650 milliondan 950 million ýuana çenli bolup biler (101 milliondan 148 million dollara çenli). Kompaniýanyň degişli çaklamasy Şanhaýyň “Isaý global” habarlar çeşmesi tarapyndan neşir edildi.

Şeýlelik bilen, ýyllyk aňlatmada arassa girdejiniň görkezijisi 174%-300% ýokarlanyp biler. Birinji çärýekde oňyn dinamika ykdysadyýetdäki pese gaçyşyň netijelerine, koronawirus bilen bagly çäklendirmelere we çig mal üçin bahalaryň ýokarlanmagyna garamazdan, satuw möçberiniň rekord ösüşi we bazarda BYD-yň paýynyň artmagy sebäp boldy.

Resmi maglumatlara görä, mart aýynda BYD-yň alternatiw energiýa çeşmelerinde işleýän awtomobilleriniň satuw möçberi ýyllyk aňlatmasynda 333% ýokarlandy we 104,9 müň birlige barabar boldy. Birinji çärýegiň jemi boýunça bu görkeziji 286,3 müň awtomobile ýetdi, bu bolsa 2021-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda 423% köpdür.

Mart aýynyň ahyrynda BYD 2021-nji ýyl üçin maliýe görkezijileri barada hasabat berdi. Resmi maglumatlara görä, kompaniýanyň girdejisi ýyllyk aňlatmasynda 38,02% ýokarlanyp, 216,1 mlrd ýuan (takmynan, $33,9 mlrd) boldy. Paýdarlara degişli arassa girdeji geçen ýyl 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende pes boldy – 3,04 mlrd ýuan ($477,9 mln). Degişli görkeziji 28,08% pese gaçdy.

Soňky ýyllarda kompaniýa alternatiw energiýa çeşmelerinde işleýän awtoulaglaryň satuw möçberi boýunça oňyn ösüşi görkezýär. 2021-nji ýylda olar 231,6% ýokarlanyp, 593,7 müň birlik boldy.