«Türkmenistanyň gadymyýeti: ýadygärliklerdäki ylmy-barlag we rejeleýiş işleri» atly neşir çapdan çykdy

  • 20.04.2022 13:31
  • 7.7k+

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda halkara, toplumlaýyn arheologik toparlaryň birnäçesi işleýär. Şolaryň ylmy gözlegleriniň netijeleri “Türkmenistanyň gadymyýeti: ýadygärliklerdäki ylmy-barlag we rejeleýiş işleri” atly neşirde çap edildi. 19-njy aprelde Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde” atly halkara ylmy duşuşyga gatnaşyjylara şol ylmy makalalaryň ýygyndysy ilkinji gezek görkezildi.

Tanyşdyrylyşda kitaba Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak hem-de rejelemek boýunça 10 ýylyň dowamynda (2011 — 2021-nji ýyllar) arheologik ekspedisiýalara we taslamalara gatnaşan hünärmenleriň makalalarynyň girizilendigi bellenildi. Olar, esasan, agzalan döwürde geçirilen meýdan ylmy-barlag hem-de rejeleýiş işleriniň netijeleri barada maglumat berýän ylmy hasabatlardyr.

Neşirde Türkmenistanyň eneolit döwründen orta asyrlara çenli maddy medeni mirasy giňişleýin beýan edilýär.


düýn 23:23
1.7k+

Ahalteke bedewlerimiz Özbegistandaky halkara gözellik bäsleşigine gatnaşar

Türkmenistan 9–10-njy maýda Özbegistanyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçiriljek ahalteke bedewleriniň atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşar. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet......

30.04.2026 18:37
1.8k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokiodaky “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy

27–29-njy aprel aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekillerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy.......

30.04.2026 16:55
2.5k+

«Watan» kinokonsert merkezi Beýik Ýeňşi bilelikde bellemäge çagyrýar

9-njy maýda «Watan» kinokonsert merkezinde «Beýik Ýeňiş — kalplarda» («Великая Победа – в сердце каждого») atly konsert geçiriler....

30.04.2026 16:17
3.6k+

Türkmen-hytaý işewürler forumy Hytaý bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitledi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi....