Aşgabatda Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerine bagyşlanan halkara ylmy duşuşyk geçirildi

  • 20.04.2022 13:30
  • 5.7k+

19-njy aprelde Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Medeniýet ministrliginiň guramagynda “Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde” atly halkara ylmy duşuşyk geçirildi. Çärä ýurdumyzyň taryhçy alymlary, arheologlary, sungaty öwrenijileri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary bilen bir hatarda, olaryň daşary ýurtly kärdeşleri, şol sanda dünýäniň iri ylmy we medeni merkezleriniň ýolbaşçylary, esasy ylmy işgärleridir bilermenleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde geçirilen halkara ylmy duşuşygyň açylyş dabarasynda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” çäklerinde milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini hasaba almak we pasportlaşdyrmak, olary Döwlet sanawyna girizmek boýunça işleri dowam etdirmek göz öňünde tutulýar. Bu sanawyň taýýarlanylmagy “Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleriniň ýygyndysy” atly köp jiltli kitaby döretmek üçin ädilen ilkinji ädimdir. Neşiriň birinji jilti 2028-nji ýylda çap edilip, bar bolan ähli maglumatlary, degişli suratlary, çyzgylary we kartalary özünde jemlär. Şeýle giň möçberli iş Türkmenistanda ilkinji gezek amala aşyrylar.

Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerinde geçirilen arheologik gazuw işlerine bagyşlanan wideoşekilleriň görkezilmegi bilen açylan mejlisde Turin şäheriniň arheologik gazuw-barlaglar merkeziniň professory, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi Karlo Lippolisiň, Fransiýanyň Tebigat taryhynyň milli muzeýiniň uly ylmy işgäri, arheologiýa we antropologiýa ylymlarynyň doktory Bendezu-Sarmiýentonyň, London uniwersitetiniň professory, ÝUNESKO-nyň Ýadygärlikleri we gözel ýerleri goramak baradaky halkara geňeşiniň bilermeni Tim Wilýamsyň, Medeni gymmatlyklar boýunça bilermen, taryh ylymlarynyň kandidaty Alekseý Petruşkewiçiň, J.Waşington uniwersitetiniň doktory Linni Rouzyň, Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň N.Mikluho-Maklaý adyndaky Etnologiýa we antropologiýa institutynyň direktory, taryh ylymlarynyň doktory Dmitriý Funkuň, şol institutyň professory, antropolog Nadežda Dubowanyň, Bolonýa uniwersitetiniň (Italiýa) professory Barbara Çerazettiniň çykyşlary diňlenildi.

Günüň ikinji ýarymynda “Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde” atly halkara ylmy duşuşyk dört bölümde işini dowam etdi. Olaryň mejlisleri Türkmen döwlet medeniýet institutynda, Döwlet çeperçilik akademiýasynda, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde, Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynda geçirildi.


şu gün 10:55
1.6k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
6.7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.4k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.3k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......