Apple iPhone-na ulanyjy ukudaka oňa gözeçilik etmäge mümkinçilik berer

Apple iPhone-na ulanyjy ukudaka oňa gözeçilik etmäge mümkinçilik berer

Apple iPhone, HomePod we beýleki gajetleriň üsti bilen ukynyň hiline gözegçilik etmegiň tehnologiýasyna patent aldy. Bu barada Appleinsider neşiri ýazýar.

Degişli oýlap tapyşy ABŞ-yň Patentler we haryt nyşanlary pudagynyň (USPTO) bazasynda ýüze çykardylar.

«Fiziologiki monitoringi amala aşyrmaga elektrokardiografiýa, elektroensefalografiýa usuly bilen ýa-da beýleki oňaýsyz täsirli elektrodlary bolan  elektrofiziologiki usullar arkaly ölçemeleri talap etmeýän gurluşlar mümkinçilik berýär» diýip, resminamada bellenip geçilýär. Nazaryýetde, dynç alýan mahaly ulanyjylaryň ýagdaýyna Apple-iň islendik dewaýslary — iPhone, Apple Watch, Mac ýa-da HomePod mini gözegçilik edip biler. Hünärmenler has takyk maglumatlary ýygnamak üçin, Apple gurluşyna yzygider maglumat geçirip durjak hususy datçikleri ulanmagy teklip etdiler.