Günorta Koreýa dünýäniň COVID-19-yň endemik boljak ilkinji ýurdy bolup biler

Günorta Koreýa dünýäniň COVID-19-yň endemik boljak ilkinji ýurdy bolup biler

Koreýa Respublikasy dünýäniň COVID-19-yň endemik kesel häsiýetine eýe boljak ilkinji ýurdy bolup biler. Bu barada ýurduň premýer-ministri Kim Bu Gýom aýtdy diýip, TASS habar berýär.

“Biz saglygy goraýyş ulgamymyzy we tejribelerimizi koronawirusyň üýtgän aýratynlyklaryna laýyk getireris. Eger COVID-19-y bolan hassalaryň köpüsi golaýdaky hassahanalarda kynçylyksyz sagalyp bilse, onda meniň pikirimçe, daşary ýurt neşirleriniň biriniň habar berşi ýaly, Koreýa Respublikasy dünýäde COVID-19-yň endemik ýagdaýyna geçjek ilkinji ýurt bolup biler” – diýip, Yonhap agentligi premýer-ministriň sözlerini getirýär. Düşündirilişi ýaly, endemik kesel – belli bir ýer, adamlar jemgyýeti üçin adaty bolan keseldir.  

Kim bu Gýom “The Wall Street Journal” gazetindäki neşire salgylanýar, onda amerikaly hünärmen Monika Gandiniň Günorta Koreýanyň dünýäniň COVID-19-yň endemik kesel häsiýetine eýe bolan ilkinji ýurdy bolup biljekdigi baradaky pikiri getirilýär. Delil hökmünde ol “uly ýaşly ilatyň sanjym derejesiniň ýokary bolmagyny, raýatlaryň lukmançylyk ulgamyna bolan ynamyny we pandemiýadan çykmak üçin dogry gurallary görkezdi”. Gazetiň maglumatlaryna görä, kämillik ýaşyna ýetenleriň 96%-i sanjym aldy.

Anna güni Günorta Koreýanyň häkimiýetleri karantin düzgünleriniň gowşadylýandygy barada habar berdiler: 4-nji aprelden 10 adama çenli topar bolup ýygnanyşmaga, kafelere we restoranlara hem ýary gijä çenli işlemäge rugsat berilýär. Mundan başga-da, häkimiýetler geljek iki hepdede hassahana ýerleşdirilýänleriň we ölümleriň sany azalmagyny dowam etdirse, köpçülikleýin çärelere we dürli edaralaryň iş wagtyna degişli epidemiýa garşy çäreleriň köpüsini ýakyn wagtda aýyrmaga taýýarlyk görülýändigini habar berdiler.