Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişdi

  • 19.03.2022 13:32
  • 30k+

Şu gün, 19-njy martda Aşgabatdaky Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň kasam kabul edip, wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berlişi ýaly, dabara Hökümet agzalary, Howpsuzlyk geňeşiniň wekilleri, döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, diplomatlar we žurnalistler gatnaşdylar.

Ruhyýet köşgüniň zalynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy, Türkmenistanyň Prezidentiniň maksatnamasy, Türkmenistanyň konstitusiýasy we Gurhan getirildi.

Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Gulmyrat Myradow Serdar Berdimuhamedowa Prezidentlik şahadatnamasyny gowşurdy. Soňra, Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti konstitusiýa elini uzadyp, «Türkmenistanyň konstitusiýasyna we kanunlaryna berk eýermek, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmek, Türkmenistanyň Prezidentine ýüklenen borçlary yhlas bilen ýerine ýetirjekdigini» aýtdy.

Türkmenistanda Prezident saýlawlary her ýedi ýyldan bir gezek geçirilýär.


şu gün 19:38
631

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

şu gün 19:26
371

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 20:55
2.6k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......