ZTE-niň arassa girdejisi bir ýylda 1 mlrd dollardan geçdi

  • 13.03.2022 23:27
  • 8.1k+

Dünýäde iň uly telekommunikasion enjamlaryny öndürijileriň biri bolan ZTE hytaý kompaniýasy geçen ýyl 1 mlrd dollardan gowrak girdeji gazandy. Muňa pudagyň çalt depginler bilen ösmegi ýardam etdi diýlip, korporasiýanyň maliýe hasabatynda aýdylýar.

“Toparyň [kompaniýalaryň] adaty paýnamalaryň eýelerine düşýän arassa girdejisi 2021-nji ýylda 6,81 mlrd ýuan ($1,08 mlrd) boldy, bu bolsa ýyllyk ösüşiň 59,9% bolandygyny görkezýär” – diýlip, resminamada bellenilýär.

ZTE geçen ýyl Hytaýyň telekommunikasion pudagynyň çalt depginler bilen ösüp, bäşinji nesil tory (5G) bilen bir hatarda täze informasion infrastruktura işjeň eýe bolandygyny belleýär. Ýylyň ahyryna çenli Hytaýda jemi 1,425 mln 5G stansiýasy ulanylyşa girizildi. “Häzirki wagtda bu torlar ähli şäherleri, etrap derejesindäki şäher zolaklarynyň 98%-den gowragyny we oba görnüşli şäherçeleriň 80%-ini gurşap alýar” – diýlip, hasabatda bellenilýär.

Hasabata görä, 2021-nji ýylda ýurduň içerki bazaryna 5G-ni göterýän 266 mln smartfon geldi, bu geçen ýylyň görkezijisinden 63,6% ýokarydyr.

ZTE 1985-nji ýylda esaslandyryldy, onuň ştab-kwartirasy Şençžen şäherinde ýerleşýär. Onuň ABŞ-da, Şwesiýada we başga-da birnäçe ýurtda ylmy-gözleg merkezleri bar, onuň dünýädäki işgärleriniň umumy sany 73 müň adamdan geçýär. Korporasiýa patent üçin berilýän arzalaryň sany boýunça dünýä liderleriniň bäşligine girýär. 


10.02.2026 19:32
2.8k+

Labubu oýunjaklarynyň ýyllyk satuwy 100 million birlikden geçdi

Hytaýyň dizaýner oýunjaklaryny öndürýän Pop Mart kompaniýasynyň habar bermegine görä, geçen ýylyň dowamynda Labubu brendi bilen öndürilen önümleriň satuwy 100 million birlikden geçdi. Bu barada «Lianhe Zaobao» neşirinde bellenilýär...

31.01.2026 22:23
3.4k+

Hemmäň ünsi smartfonda: Hytaýda telewizorlaryň satuwy soňky 10 ýylyň iň pes derejesine düşdi

AVC seljeriş kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda Hytaýda 27,63 million sany reňkli telewizor satyldy. Bu görkeziji 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 10,4% az bolup, soňky on ýylyň dowamyndaky iň pes netijedir...

17.01.2026 14:38
3.8k+

Huawei Apple-den öňe geçip, 2020-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Hytaýyň smartfon bazarynda öňdebaryjy boldy

Huawei 2025-nji ýylyň jemi boýunça soňky bäş ýylda ilkinji gezek Hytaýyň smartfon bazarynda öňdebaryjylygy gaýdyp aldy. Muny South China Morning Post-a salgylanýan IDC analitiki kompaniýasynyň maglumatlary delillendirýär...

25.10.2025 11:40
2.8k+

Hytaýyň smartfon bazary 3% peseldi, birinji orny Vivo eýeledi

Hytaýyň smartfon bazary 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3% peseldi diýip, Omdia portalynyň analitikleri habar berýär. Şeýle-de bolsa, öňdebaryjy öndürijileriň arasyndaky bäsdeşlik güýçli bolup galýar we üpjünçilik möçberlerindäki tapawut kem-kemden azalýar...