Sebitleriň we Aşgabadyň häkimleri saýlawlara ýerlerdäki taýýarlyk barada hasabat berdiler

  • 11.03.2022 09:35
  • 3.6k+

10-njy martda geçirilen Hökümetiň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki sanly ulgam arkaly mejlisine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyrylyp, olar ýerlerde döredilen saýlaw uçastoklarynyň taýýarlyk derejesi barada gezekli-gezegine hasabat berdiler.

Ýeri gelende ýatlatsak, Saýlaw kodeksiniň 39-njy we 40-njy maddalaryna laýyklykda, saýlaw uçastoklary degişli etrap, şäher saýlaw topary tarapyndan yzygiderli tertip boýunça belgilenip, saýlawçylaryň ses bermäge gatnaşmagy üçin amatly bolar ýaly tertipde döredilýär. Saýlaw uçastoklary 20-den 2 müňe çenli saýlawçy sany bilen, kähalatlarda bolsa saýlawçy sany 20-den az bolan saýlaw uçastoklary hem döredilýär. Olar saýlawlar gününe çenli azyndan 45 gün galanda döredilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ses bermegi geçirmek üçin ýurdumyz boýunça saýlaw uçastoklarynyň jemi 2577-si, şol sanda Ahalda 364, Balkanda 272, Daşoguzda 523, Lebapda 559, Maryda 549, Aşgabat şäherinde 310 saýlaw uçastogy döredildi. Şeýle-de daşary ýurtlarda bolýan raýatlarymyzyň saýlawlara gatnaşmak hukugyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň teklipnamasy esasynda döwletimiziň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyňdyr konsullyk edaralarynyň ýanynda saýlaw uçastoklarynyň 41-si döredildi.

Saýlaw uçastoklarynyň merkezleri, araçäkleri we belgisi hakyndaky maglumatlar ýerli metbugat neşirlerinde çap edilip, ilatyň dykgatyna ýetirildi.


07.04.2026 21:02
2.3k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......

01.04.2026 19:38
6.8k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......

16.03.2026 14:21
2.7k+

Gazagystanda täze Konstitusiýa boýunça geçirilen referendumyň deslapky netijeleri mälim edildi

Gazagystan Respublikasynyň Merkezi referendum komissiýasy ýurduň täze Konstitusiýasyny kabul etmek boýunça geçirilen ses berişligiň deslapky netijelerini yglan etdi. Bu barada Tengrinews.kz neşiri habar berýär...

12.03.2026 11:32
2.6k+

Hose Antonio Kast Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi

Hose Antonio Kast resmi taýdan Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi. Walparaiso şäherindäki Kongres binasynda geçirilen kasam kabul ediş dabarasy Meganoticias teleýaýlymy arkaly göni efirde görkezildi. Täze prezident...