Uzbekistan Airways 2022-nji ýylda ýolagçy gatnawyny artdyrmagy meýilleşdirýär

  • 09.03.2022 18:04
  • 11k+

Uzbekistan Airways awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň ikinji ýarymynda ýolagçy gatnawyny artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Trend-e Uzbekistan Airways-iň Azerbaýjanda wekiliniň orunbasary Weýs Niftaliýew habar berdi.

“Soňa goýlan isleg bar, ilatyň hem sarp etmek üçin tygşytlanan serişdeleri bar. Şonuň üçin 2022-nji ýylyň ikinji ýarymy birinjiden has gowy bolar” – diýip, Niftaliýew aýtdy.

Onuň bellemegine görä, Uzbekistan Airways ýolagçy akymynyň häzirki pes derejesini islegiň ýoklugy bilen däl-de, ýurtlaryň hökümetleri tarapyndan girizilýän karantin çäklendirmeleri bilen baglanyşdyrýar. 

Umuman aýdanyňda, önümçilik derejesiniň we telekeçiligiň ynam indeksiniň çökgünlikden öňki görkezijilerden geçendigini göz öňünde tutsaň, ykdysady ýagdaý kanagatlanarly görünýär diýip, awiakompaniýanyň wekiliniň orunbasary aýtdy.

Ol tomus möwsüminde howa gatnawlarynyň artmagyna garaşylýandygyny belledi. Şeýle-de, ol awiakompaniýanyň işini kämilleşdirmek boýunça soňky üç ýylda alnyp barlan çäreler barada gürrüň berdi.

“2019-njy ýylda Uzbekistan Airways bäşinji Boeing 787 Dreamliner uçaryny ulanylyşa girizdi, şeýle-de Wi-Fi aragatnaşyk ulgamy bilen enjamlaşdyrylan Airbus A320neo-ny ilkinji gezek işe girizdi, bortda internet hyzmaty hem ýola goýuldy. Ähli gatnawlar dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň uçarlarynda amala aşyrylýar: Airbus (11 laýner), Boeing (16 laýner). Biziň parkymyzda jemi 27 howa gämisi bar. 2021-nji ýylda awiakompaniýa täze Amadeus Altea PSS-platformasyna migrasiýany üstünlikli amala aşyrdy” – diýip, Niftaliýew aýtdy. 


düýn 23:15
3.1k+

Pariziň iň köne köprüsini uly gowaga öwürdiler: indi ol köpçülik üçin açyk

Fransuz suratkeşi JR Pariziň iň köne köprüsini uly göwrümli çeperçilik giňişligine öwüren «Pon-Nýof gowagy» atly gurnamasyny köpçülik üçin açdy. Bu desgany görmek mugtdyr we ol 28-nji iýuna çenli dowam eder....

10.06.2026 16:40
3.1k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

10.06.2026 12:20
10k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
7k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....