Habib Nurmagomedow UFC-niň Şöhrat zalyna girizildi

  • 07.03.2022 08:15
  • 16k+

Russiýanyň garyşyk başa-baş söweş boýunça 33 ýaşly pälwany we UFC-niň ýeňil agramdaky eks-çempiony Habib Nurmagomedow promouşeniň Şöhrat zalyna girizildi. Bu barada UFC-niň Instagram sahypasynda habar berilýär.

"Bürgüt UFC-niň Şöhrat zalynda ýerledi. UFC-niň Şöhrat zalynyň 2022 ýylda ilkinji bolup üstüni ýetiren pälwan bolmagy bilen Habibi tüýs ýürekden gutlaýarys" - UFC-niň metbugat gullugynyň neşirlere beren teswiri şeýle ýaňlanýar.

Bu waka UFC 272 turniriniň dowam edýän pursadynda bolup geçdi, şonda Umar Nurmagomedow birinji tapgyrda Braýan Kelleherden üstün geldi.
UFC-niň Şöhrat zalynda aýratyn tapawutlanan türgenler bellige alynýar. Oňa guramanyň we sportuň ösüşine ykbal çözüji täsirini ýetiren adamlaryň atlary girizilýär. Nurmagomedow UFC-niň Şöhrat zalynda Russiýanyň ilkinji wekili bolar.
Ýadymyza salsak, Nurmagomedow karýerasynyň soňky söweşini 2020 ýylyň oktýabrynda geçiripdi, şonda UFC 254 turniriniň ikinji tapgyrynda "üçburçluk" demikdiriji usulyny ulanyp, Jastin Getjini ýeňipdi. Söweşden soň russiýaly pälwan garyşyk başa-baş söweşdäki çykyşaryny tamamlamak kararyna gelendigini yglan edipdi. Onuň hasabynda MMA-da 29 tutluşykda 29 ýeňiş, şol sanda UFC-de 13 tutluşykda 13 ýeňiş bar. 


26.06.2026 23:43
9.1k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
5.2k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.3k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......