Türkmenistanda Prezidenti saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy

  • 03.03.2022 09:43
  • 13k+

2-nji martda Saýlaw kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy. Möhletinden öň ses bermek, ilkinji nobatda, käbir sebäplere görä, 12-nji martda öz saýlaw uçastogyna gelip bilmejek raýatlar üçin guralýar.

Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar syýasy partiýalar hem-de raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan görkezilen resminamalara seredip, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dokuz dalaşgäri bellige aldy. Olar:

  • Serdar Berdimuhamedow — Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary (Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan hödürlenen);
  • Agajan Bekmyradow — Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary (Türkmenistanyň Agrar partiýasyndan hödürlenen);
  • Perhat Begenjow — Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär mekdebiniň direktory (Lebap welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenen);
  • Berdimämmet Gurbanow — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Awaza” şypahanasynyň baş lukmany, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty (Balkan welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenen);
  • Maksatmyrat Öwezgeldiýew — Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy (Ahal welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenen);
  • Kakageldi Saryýew — Döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýanyň çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň direktory (Mary welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenen);
  • Babamyrat Meredow — “Wepaly gurluşyk” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy (Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan hödürlenen);
  • Hydyr Nunnaýew — Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty (Aşgabat şäherinden raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenen);
  • Maksat Ödeşow — Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy (Daşoguz welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenen).

13.06.2026 16:30
944

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
968

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.6k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......