Кандидат в президенты П.Бегенджов встретился с лебапскими избирателями

  • 01.03.2022 22:37
  • 3.7k+

28-nji fewralda welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda ýurdumyzyň bu sebitinden raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär mekdebiniň direktory Perhat Begenjow bilen saýlawçylaryň duşuşygy boldy.

Dalaşgäriň ynanylan wekili — Türkmenabat şäherindäki 28-nji orta mekdebiň direktory Ý.Ýagmyrow ýygnananlary iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, ony mugallymçylyk işinde baý tejribesi hem-de guramaçylyk ukyplary bolan, başlangyçlar bilen çykyş edýän giň gözýetimli ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi.

Soňra P.Begenjow çykyş edip, saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan etdi hem-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, milli bähbitlere esaslanýan, ählumumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän döredijilikli içeri we daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýändigini nygtady.


11.05.2026 22:55
970

Сумма валютных сделок на торгах ГТСБТ превысила $11 млн

На минувшей неделе на торгах Государственной товарно-сырьевой биржи Туркменистана (ГТСБТ) было зарегистрировано 17 сделок, сообщает TDH....

06.05.2026 20:34
10k+

Представители Zaha Hadid Architects примут участие на форуме «Белый город Ашхабад 2026»

Представители архитектурного бюро Zaha Hadid Architects, как ожидается, примут участие в 25-й Международной выставке и конференции «Белый город Ашхабад 2026», которая пройдёт 24–25 мая в столице Туркменистана.......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Посол Туркменистана провёл переговоры с главой Союза палат и бирж Турции

1 мая посол Туркменистана в Турции Мекан Ишангулыев провёл встречу с председателем Союза палат и бирж Турецкой Республики Рифатом Хисарджыклыоглу. Стороны обсудили перспективы расширения торгово-экономического......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Туркменистан примет участие в крупных мероприятиях в Казани, Лондоне и Баку

В мае представители Туркменистана примут участие в ряде крупных международных мероприятий. Об этом в пятницу на заседании Правительства по цифровой системе отчитался вице-премьер, министр иностранных дел Рашид......