Türkmenistana Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulýan ýurt derejesi berildi

  • 25.02.2022 09:17
  • 5.1k+

23-nji fewralda Bütindünýä Söwda Guramasynyň merkezi edarasy ýerleşýän Ženewa şäherinde BSG-niň Baş geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň bu gurama goşulmak baradaky ýüztutmasyna garaldy. Baş geňeşiň agza döwletleri ara alyp maslahatlaşmadan soň, bu ýüztutmany biragyzdan makulladylar hem-de BSG-niň döredilmegi hakynda Marrakeş ylalaşygynyň XII maddasyna laýyklykda, Türkmenistana BSG-ä goşulýan ýurt (“işjeň synçy”) derejesini bermek baradaky çözgüdi kabul etdiler.

Guramanyň tertip-kadalaryna laýyklykda, bu derejäniň alynmagy bilen baglylykda, Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy baradaky Iş topary döredildi.

Ýeri gelende bellesek, 2020-njy ýylyň iýulynda Türkmenistana BSG-de synçy derejesi berildi. Bu bolsa ýurdumyza guramanyň işiniň esasy ugurlary, onuň düzgünleri hem-de köptaraplaýyn söwda gün tertibi bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Mejlisiň işine Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky bölüminiň ýanyndaky hemişelik wekili gatnaşdy.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......