Bill Geýts: “Omikron” pandemiýanyň soňky ýiti tapgyry bolar

Bill Geýts: “Omikron” pandemiýanyň soňky ýiti tapgyry bolar

Microsoft korporasiýasyny esaslandyryjy Bill Geýtsiň pikiriçe, koronawirusyň omikron-ştammy pandemiýanyň iň soňky ýiti tapgyry bolup, onuň tamamlanmagyna getirer. Şeýle pikiri ol Germaniýanyň “Zýuddoýçe Saýtung” neşirine beren interwýusynda aýtdy. Muny TASS-a salgylanyp, Day.Az ýetirýär.

“Men koronawirusyň omikron-ştammy sebäpli ýüze çykan kesel tolkunynyň pandemiýanyň soňky ýiti tapgyrynyň boljakdygyna umyt bildirýärin” – diýip, Geýts belledi. Şol bir wagtyň özünde, ol ýakyn wagtda hemmeler bu pandemiýany ýatdan çykaryp, başga çökgünliklere geçer diýip pikir edýär.

Geýts pul serişdeleri üç esasy ugra gönükdirilmeli diýip hasaplaýar: bolup biläýjek ýokanç ýaýrawlaryna gözegçilik etmek, hassalara diagnoz goýmak we bejermek bilen bagly halkara gözlegler hem-de saglygy goraýyş ulgamlaryny ösdürmek. “Bu pandemiýa ählimiz üçin tragediýa boldy. Entägem biziň bagtymyzdan, ol on esse howply bolubam bilerdi” – diýip, ol belledi.

“Omikron” adyny alan koronawirusyň täze ştammy 2021-nji ýylyň güýzüniň ahyrynda GAR-yň we Afrikanyň ýedi ýurdunyň çäginde ýaýrap başlady. Häzirki wagta çenli ol dünýä döwletleriniň aglabasynda ýüze çykaryldy. Alymlaryň çaklamasyna görä, “omikron” delta-ştammyna garanyňda, has ýokuşagan, ýöne ony göterijilerde COVID-19 ýeňil görnüşde geçýär.