Tesla hytaýlylar üçin ýörite awtomobil döretmek kararyna geldi

  • 20.02.2022 13:15
  • 6.4k+

Tesla kompaniýasy ýörite hytaý bazary üçin awtomobil öndürer ýaly Pekinde dizaýn merkezini açmak kararyna geldi. Şeýlelik bilen, bu kompaniýa dünýäniň iň uly awtomobil bazarynda ornuny berkitmek boýunça meýilnamalaryny giňeltmegi dowam etdirýär. Bu barada South China Morning Pos (SCMP) neşiri habar berýär diýip, Lenta.ru salgylanyp, Day.Az ýetirýär.  

Pekin häkimiýetleriniň hasabatyna görä, Tesla-nyň dizaýn we proýektirleme merkezi 2022-nji ýylda Hytaýyň paýtagtynda esasy taslamalaryň biri bolar. Onuň gurluşygy şu ýyl başlar, ýöne taslama üçin maýa goýumyň möçberi ýa-da merkeziň açyljak senesi habar berilmedi.

2009-njy ýylda Hytaý ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly awtomobil bazary boldy we şondan bäri bu ady saklaýar. 2021-nji ýylda Tesla Hytaýda 321 müň awtomobil satdy, bu 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 117 göterim köpdür. “Hytaýlylar üçin hytaý stilinde awtomobil döretmek – gowy pikir” – diýip, awtomobil senagaty boýunça hünärmen Dewid Çžan belleýär.

Tesla Hytaýda dizaýn merkezini açan ilkinji daşary ýurt awtoulag öndürijisi däl. Mysal üçin, 1997-nji ýylda General Motors (GM) awtokorporasiýasy ýörite hytaý bazary üçin awtomobilleri taslamak we döretmek üçin Şanhaýda Panaziat tehniki awtomobil merkezini işe girizdi. General Motors Tesla-nyň gönüden-göni bäsdeşidir, ýakynda kompaniýa elektrokarlaryň önümçiligini artdyrmak üçin, takmynan, 6,6 mlrd dollar maýa goýmagy meýilleşdirýändigini habar berdi.  


düýn 18:11
2k+

Volkswagen Ýewropada elektrokar satuwy boýunça Tesla-dan öňe geçdi

2025-nji ýylyň birinji alty aýynyň jemi boýunça Volkswagen konserni Ýewropada elektrik ulaglarynyň satuwy boýunça Tesla-dan öňe geçdi. Handelsblatt neşiriniň maglumatlaryna laýyklykda, VW Group-yň düzümine girýän ähli brendleriň batareýa bilen işleýän modelleriniň satuwy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, sebitde 89% ýokarlandy we 347 900 birlige ýetdi...

13.07.2025 19:43
4.2k+

Volkswagen SAIC konserni bilen Hytaýyň Nankin şäherindäki bilelikdäki zawodyny ýapýar

Hytaýyň SAIC awtokonserni bilen Germaniýanyň Volkswagen kompaniýasynyň bilelikdäki kärhanasy 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda Hytaýyň Nankin şäherindäki zawodyny doly ýapmagy meýilleşdirýär. Handelsblatt neşiriniň habar bermegine görä, zawodda önümçilik eýýäm togtadyldy...

13.07.2025 19:24
7.7k+

Hytaýda Jeep öndürýän kompaniýa batdy

Hytaý kazyýeti ýerli bazarda Jeep awtomobillerini öndürmek üçin döredilen GAC Fiat Chrysler Automobiles (GAC FCA) kompaniýasyny batdy diýip yglan etdi. Stellantis konserni bilen hytaý GAC-yň bilelikdäki kärhanasy 2009-njy ýylda esaslandyrylypdy...

13.07.2025 19:20
3.8k+

Tesla zarýad bermegi restoranly we awtokinoteatrly ýakymly güýmenjä öwürýär

Tesla Los-Anjelesde öz firma restorany we awtokinoteatry bolan, elektrik ulaglar üçin ilkinji çalt zarýad beriş stansiýasynyň gurluşygyny tamamlap barýar. Santa-Monika bulwaryndaky desganyň gurluşyk haýatlary eýýäm aýryldy we ýakyn günlerde açylmagyna garaşylýar...