Italiýada köçede örtük dakynmak düzgüni ýatyrylýar

  • 10.02.2022 16:23
  • 13k+

Italiýanyň ähli ýerinde açyk howada adamlaryň üýşýän ýagdaýlaryndan daşary hökmany örtük dakynmak düzgüni ýatyrylýar. Respublikanyň Saglygy goraýyş ministri Roberto Speransanyň degişli karary 11-nji fewralda güýje girer diýip, “Corriere della Sera” gazeti habar berýär.

“Açyk howada örtük dakynmak hökmany däl, şol bir wagtyň özünde 31-nji marta çenli ýapyk binalarda şahsy gorag serişdelerini (örtük) dakynmalydyr” – diýlip, kararda aýdylýar. Ýapyk ýerlerde örtük dakynmak düzgüni alty ýaşdan kiçi çagalara, örtük ulanmaga rugsat bermeýän keselleri bolan adamlara, şeýle-de sport bilen meşgullanýanlara degişli däldir.

31-nji martda pandemiýa bilen baglanyşykly hereket edýän adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň möhleti tamamlanýar. “la Repubblica” gazetiniň habar berşi ýaly, mart aýyndan başlap stadionlar 100% doldurylyp bilner.
Ýurduň häkimiýetleri ilat sanjymlarynyň ýokary derejede bolmagy esasynda epidemiologiýa ýagdaýynyň gowulaşýandygyny aýdýarlar. 
Ýurtda soňky bir günde täze kesel hadysalarynyň sany 100 müňden geçdi, koronawirusyň netijesinde 415 ölüm hasaba alyndy. Häzirki wagtda Italiýada 1,9 milliondan gowrak adam keselledi, ýöne hassahana ýerleşdirilýänleriň (18 müňden gowrak) we intensiw terapiýa bölümlerindäki hassalaryň sany (1,3 müň) azalýar.


21.06.2026 16:13
4.5k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

10.06.2026 08:53
3.7k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....

27.05.2026 01:10
2.6k+

Aşgabatda «Festa della Musica» konserti geçiriler

3-nji iýunda Aşgabat şäheriniň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Italiýa Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan «Festa della Musica» («Saz baýramy») atly dabaraly konsert......

26.05.2026 00:48
3.2k+

Ýakyn 20 ýylda italýan garrylary 6,4 trillion ýewro miras goýarlar

«Accenture» kompaniýasy öz hasabatynda ýakyn 20 ýylyň dowamynda Italiýanyň taryhynda iň köp maýa hem emläk geçirilişiniň boljakdygyny habar berýär. Görkezilýän wagt aralygynda italýan pensionerleri öz yzynda......