Mun Çže In Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygyny gutlady

  • 07.02.2022 10:46
  • 3.9k+

Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In türkmen Lideriniň adyna Gutlag hatyny ýollady.

"1992-nji ýylyň 7-nji fewralynda biziň ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan başlap syýasat, ykdysadyýet, medeniýet ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň durnukly ösdürilýändigi kanagatlanma duýgusyny döredýär, 2008-nji ýyldan bäri bolsa dürli ulgamlarda özara bähbitli oňyn hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär" diýip, dostlukly ýurduň Lideri öz hatynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasynda özara düşünişmek hem-de dostluk gatnaşyklaryny ösdürmäge täze kuwwat berjekdigine umyt bildirýändigini nygtady.

Ýeri gelende bellesek, türkmen-koreý diplomatik gatnaşyklary 1992-nji ýylyň 7-nji fewralynda ýola goýuldy. 2007-nji ýylda Aşgabatda Koreýa Respublikasynyň, 2013-nji ýylda bolsa Seulda Türkmenistanyň ilçihanasy açyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 5 — 7-nji noýabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 11 — 14-nji aprelindäki Koreýa Respublikasyna döwlet saparlary iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitdi. Şunuň bilen birlikde Koreýa Respublikasynyň Prezidentleriniň 2014-nji we 2019-njy ýyllarda biziň ýurdumyza döwlet saparlary guraldy.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

03.05.2026 12:23
8.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......