2021-nji ýylyň iň gowy smartfony belli edildi

  • 28.12.2021 19:34
  • 22k+

Bloger Markes Braunli 2021-nji ýylyň iň gowy smartfonlaryny atlandyrdy. Bu barada onuň YouTube-kanalynda ýerleşdirilen wideoda aýdylýar diýip, lenta.ru habar berýär. 

15 milliondan gowrak abunaçysy bolan meşhur bloger özüniň kanalynda Samsung Galaxy S21 Ultra-ny tamamlanyp barýan ýylyň esasy smartfony diýip belledi. Awtor koreý brendiniň bu enjamynyň bahasynyň ýokary däldigini bellemek bilen, bazardaky iň deňagramly flagmandygyny aýtdy. Mundan başga-da, bloger beýleki nominasiýalarda hem iň gowy smartfonlary saýlady.
Uly ekranly iň gowy enjam Samsung Galaxy Z Fold 3 boldy. Gajet ulanylyşyny ýeňilleşdirýän 7,4 dýuýma çenli eplenýän ekrana eýedir. Munuň tersine, hünärmeniň pikiriçe, iň ykjam gurluş 5,4 dýuým displeý bilen çykan iPhone 13 mini boldy. Esasy kamerafon iPhone 13 Pro bolup, awtoryň aýtmagyna görä, ol surata we wideo düşürmek üçin iň gowy funksiýalary aldy. Braunli iň gowy akkumulýatorly telefon hökmünde bir batareýada bir gije-gündizden köp işläp bilýän iPhone 13 Pro Max-y saýlady.
Bloger başga-da birnäçe gurluşlary aýratynlandyrdy. Samsung Galaxy S21 Ultra iň gowy dizaýn we öňki nesil bilen deňeşdirilende, has düýpli kämilleşme bilen tapawutlandy. Awtor Google Pixel 6-ny pudagyň ösüşine goşan goşandy üçin sylaglady. Şeýle-de, 2021-nji ýylyň möhüm relizi eplenýän Microsoft Surface Duo 2 enjamy boldy. 


düýn 06:41
2.3k+

Samsung gulakhalka we monjuk görnüşinde akylly gajetleri çykarar

Samsung kompaniýasy dakylýan akylly gurluşlarynyň hataryny diňe bir sagatlar we ýüzükler bilen çäklendirmek islemeýär. Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdi bu hatara täze gurluşlary – äýnekleri, gulakhalkalary we monjuklary hem goşar diýip, Samsung-yň mobil bölümçesiniň operasion müdiri Won-jun Çoýa salgylanyp, CNN habar berýär...

12.07.2025 18:50
2.6k+

Samsung eplenýän üç ekranly smartfonynyň ýylyň ahyryna çenli çykjakdygyny tassyklady

Samsung 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde eplenýän üç ekranly smartfony çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada sarp ediş elektronikasy bölümçesiniň başlygy Ro The Mun The Korea Times neşiri bilen söhbetdeşlikde habar berdi...

11.07.2025 01:26
3k+

Counterpoint dünýäde iň meşhur simsiz nauşnikleri saýlady

Apple AirPods nauşnikleri TWS-garnituralarynyň segmentinde iň köp satylýan model boldy. Apple korporasiýasy simsiz nauşniklaryň dünýä bazarynda öňdebaryjy bolmagyny dowam etdirýär. Oňa bazaryň tas dörtden bir bölegi degişli diýlip, Counterpoint Research gözleg kompaniýasynyň hasabatynda aýdylýar...

10.07.2025 10:55
2.7k+

Samsung flagman kitapça smartfony Galaxy Z Fold 7-ni hödürledi

9-njy iýulda geçirilen Samsung Unpacked çäresinde Samsung kompaniýasy çeýe Galaxy Z Fold7 smartfonyny hödürledi. Flagman öňki modelden inçe, ýeňil we kuwwatly boldy. Smartfon güýçli kamera, uly displeý we emeli aň funksiýalary bilen üpjün edildi...