Daşary ýurtlarda «Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» AGPJ-niň wekilhanalary açylar

  • 26.12.2021 01:26
  • 11k+

Hökümetiň 24-nji dekabrda geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň daşary ýurtlarda wekilhanalaryny açmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, 2018-nji ýylda «Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň döredilmegi bilen, ulaglaryň ähli görnüşleri arkaly halkara gatnawlarda ýükleri we poçtany daşamak işleri artdyryldy.

Dünýäniň iri logistiki kompaniýalarynyň dürli ýurtlarda öz wekilhanalaryny we şahamçalaryny döretmekde uly tejribesiniň bardygy, munuň bolsa halkara gatnawlarda ýük dolanyşygyny artdyrmaga, daşary ýurtlarda özara hyzmatdaşlygy utgaşdyrmaga we bazarlary öwrenmäge ýardam edýändigi hem-de bu ugurda degişli teklipleriň taýýarlanylandygy habar berildi.

Türkmen Lideri ulag ulgamynda ösüşiň häzirki tapgyrynda binýatlaýyn özgertmeleriň geçirilýändigini, hukuk esasynyň döredilýändigini, döwlet dolandyryşynyň hem-de hojalyk işiniň wezipeleriniň bölünendigini nygtap, daşary

ýurtlarda wekilhanalary açmak baradaky teklibi makullady we agentligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.


düýn 18:32
1.5k+

Türkmenistan Parižde ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa komissiýasynyň mejlisine gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti 25-nji iýun – 3-nji iýul aralygynda ÝUNESKO-nyň Pariž şäherindäki ştab-kwartirasynda geçirilýän ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa komissiýasynyň 33-nji Assambleýasyna gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler...

düýn 14:47
2.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko we ýurduň ähli halkyna Belarus Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutany gutlag hatynda döwletara gatnaşyklaryň geljekde hem halklarymyzyň bähbidine pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi...

düýn 10:33
2.1k+

Türkmenistanyň we Merkezi Afrika Respublikasynyň daşary işler ministrleri LLDC 3 boýunça maslahatlaşdylar

2-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Merkezi Afrika Respublikasynyň daşary işler, frankofoniýa we daşary ýurtdaky merkezi afrikalylaryň işleri boýunça ministri Silwi Baýpo Temonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi...

düýn 10:23
726

Raşid Meredow Malawiniň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

2-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Malawi Respublikasynyň daşary işler ministri Nensi Tembo bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar...