Türkmenistanda ýanwar aýynyň medeni maksatnamasynda nähili çäreler göz öňünde tutulýar?

Türkmenistanda ýanwar aýynyň medeni maksatnamasynda nähili çäreler göz öňünde tutulýar?

Türkmenistanda Täze ýyl baýramy hem-de 2022-nji ýylda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli dabaraly maslahatlary, «tegelek stol» maslahatlaryny, döredijilik duşuşyklaryny we sergileri, onlaýn maslahatlary, aýdym-sazly dabaralary, wagyz-nesihat çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada Hökümetiň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa habar berdi.

Bellenilişi ýaly, 1-nji ýanwarda ýurdumyzyň welaýatlarynyň Baş baýdak meýdançalarynda Täze ýyl baýramy mynasybetli Döwlet baýdagyny galdyrmak dabaralaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem aýyň ilkinji on gününde «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň, Döwlet sirkiniň, welaýatlardaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňündäki meýdançalarda Täze ýyl baýramçylyk çäreleri geçiriler.

7-nji ýanwarda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde zehinli çagalara Gulbaba adyndaky çagalar baýragyny gowşurmak dabarasy bolar. Watan goragçylarynyň güni «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda dabaraly çäre hem-de Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde dabaraly konsert bilen belleniler.

Türkmen Lideri hasabaty diňläp, ýurdumyzda geçirilýän medeni-köpçülikleýin çäreleriň türkmen halkynyň milli sungatyny, baý mirasyny hemmetaraplaýyn açyp görkezmelidigini nygtap, wise-premýere Täze ýyl dabaralaryny degişli derejede guramak we olary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.