Apple taryhda iň gymmat kompaniýa diýlip ykrar edildi

Apple taryhda iň gymmat kompaniýa diýlip ykrar edildi

Internet giňişliginde Apple-iň täze üstünligi baradaky maglumatlar peýda boldy:  IT ägirdiniň kapitalizasiýasy 3 trillion dollardan geçip, ony taryhda iň gymmat kompaniýa öwürdi. Bu barada Nasdaq-a salgylanyp, ferra.ru habar berdi.

Apple-iň aňrybaş kapitalizasiýa görkezijileri onuň aksiýalarynyň Nasdaq biržasyndaky söwda maglumatlaryna esaslanýar. Hut şol ýerde ýakynda kompaniýanyň gymmatly kagyzlarynyň bahasy 0,95% ýokarlandy - olaryň hersiniň bahasy 176,75 dollara çenli gymmatlady.

Gyzykly tarapy, kompaniýa özüniň ilkinji trillionyny bary-ýogy üç ýyl ozal - 2018-nji ýylyň awgust aýynda "böldüripdi". Geçen awgustda-da ol 2 trillion dollarlyk bellige ýetdi. Indi bolsa, 2021-nji ýylyň dekabrynda Apple-iň kapitalizasiýasy 3 trillion dollardan geçdi. Bu üstünlige häzirki wagta çenli başga hiç bir kompaniýa ýetip görmändi.