Türkmenistan we TÜRKSOÝ medeni diplomatiýa boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

  • 12.12.2021 16:03
  • 3.9k+

11-nji dekabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän wekilçilikli foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Dýusen Kaseinowy kabul etdi.

Dýusen Kaseinow Türkmenistanyň Garaşsyz, Bitarap ösüş döwründe gazanan üstünlikleriniň we ýurdumyzyň medeni diplomatiýa boýunça ýeten derejesiniň ähmiýeti barada aýdyp, türkmen halkynyň baý özboluşly däpleriniň täze taryhy eýýamda saklanylmagyna, milletiň medeni mirasynyň öwrenilmegine we giňden wagyz edilmegine gönükdirilen ägirt uly tagallalary edýän döwlet Baştutanynyň alyp barýan işleriniň ähmiýetlidigini aýratyn nygtady.

Duşuşygyň dowamynda türkmen Lideri we myhman hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar hem-de medeniýet we sungat ugurlaryndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň, döredijilik babatda tejribe alşylmagynyň bähbitlidigini bellediler. Hususan-da, türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine görülýän taýýarlyk işlerine möhüm üns berildi.


düýn 14:09
4k+

Türkmenistanyň Prezidenti «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylary gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylary gutlady...

18.08.2025 16:25
9.9k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (18.08 - 24.08)

Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky döwlet gullugynyň çaklamalaryna görä, awgust aýynyň 18-inden 24-i aralygyndakky hepdede ýurdumyzda üýtgäp durýan howa bolar. Käbir ýerlerde gysga wagtlaýyn ýagyşlaryň bolmagy ahmal...

18.08.2025 15:46
5.4k+

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň döwlet tapgyrynda Mary welaýatyna Hojanepes Ataýew we Remezan Işankulyýew wekilçilik eder

Mary şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde guralýan «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Mary welaýat tapgyry geçirildi...

18.08.2025 10:22
12k+

Türkmenistanly aýdymçy Döwran Şammyýew Astanada "Silk Way Star" bäsleşigine gatnaşar

Gazagystanyň paýtagty Astanada “Silk Way Star” atly birinji Aziýanyň wokal bäsleşigi badalga alýar, bu ýaryş Azerbaýjandan Günorta Koreýa çenli — 12 ýurtdan zehinleri birleşdirer. Türkmenistana wekilçilik etmek hormaty meşhur aýdymçy we kompozitor Döwran Şammyýewe miýesser etdi...