France Football Lewandowskä 2020-nji ýylyň “Altyn top” baýragyny gowşuryp biler

  • 03.12.2021 20:53
  • 9.4k+

France Football neşirinde “Bawariýanyň” hüjümçisi Robert Lewandowskä 2020-nji ýylyň “Altyn top” baýragyny bermek pikiri orta atyldy diýip, neşiriň redaktory Paskal Ferre aýtdy. Bu barada sport-express.ru habar berdi.

“Messi gowy hem-de akylly pikir aýtdy. Emma beýle kararlar çalt kabul edilmeýär. Biz bu barada oýlanarys we demokratik saýlaw ýörelgelerine esaslanyp, "Altyn topuň" taryhyna hormat goýmalydyrys" - diýip, Ferre Watson sitata getirýär.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylda "Altyn top" baýragyny «PSŽ-niň» hüjümçisi Lionel Messi aldy. Argentinaly ýyldyz sahnada durup, 2020-nji ýylda baýragy polşaly oýunçynyň almalydygyny aýtdy.
Ýatlap geçsek, 2020-nji ýylda baýraklar koronawirus pandemiýasy sebäpli gowşurylmandy.


düýn 11:59
3.4k+

ABŞ DÇ-2026-nyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin $1,1 mlrd bölüp berer  

Amerikanyň Birleşen Ştatlary 2026-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempionatynyň geçirilýän wagty howpsuzlygy üpjün etmek üçin bir milliardan dollardan gowrak federal maliýeleşdirmesini bölüp berer. Bu barada brifingde ABŞ-da DÇ-2026-a taýýarlyk görmek boýunça iş toparynyň ýolbaşçysy Endrýu Juliani aýtdy...

düýn 11:45
4.3k+

Laporta möhleti tamamlanandan soň “Barselonanyň” prezidenti wezipesinden gider

“Barselonanyň” prezidenti Žoan Laporta üçünji möhlete dalaş etmegi meýilleşdirmeýändigini we häzirki ygtyýarlylyk möhleti tamamlanandan soň wezipeden gitjekdigini habar berdi. Ol kluba 2021-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýär, onuň ygtyýarlylyk möhleti bolsa 2027-nji ýylda tamamlanýar...

düýn 11:25
4.2k+

“Inter Maýami” Messi bilen ilkinji gezek MLS-iň çempiony boldy

“Inter Maýami” futbol kluby Major League Soccer (MLS) Kubogyny gazandy. Ol finalda “Wankuwer Uaýkepsi” utdy. Florida ştatynyň “Fort-Loderdeýl” şäherinde geçirilen duşuşyk Maýami toparynyň peýdasyna 3:1 hasabynda tamamlandy...

06.12.2025 16:22
7.2k+

Donald Tramp FIFA-nyň täze Parahatçylyk baýragynyň ilkinji eýesi boldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Halkara futbol federasiýasy (FIFA) tarapyndan esaslandyrylan täze Parahatçylyk baýragynyň ilkinji eýesi boldy. Ak tamyň ýolbaşçysyna baýragy FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino gowşurdy...