Beýik Britaniýada awtomobil önümçiligi oktýabr aýynda 1956-njy ýyldaky derejesine geldi

Beýik Britaniýada awtomobil önümçiligi oktýabr aýynda 1956-njy ýyldaky derejesine geldi

Birleşen Korollykda awtomobil önümçiligi oktýabr aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 41,4%, ýagny 64 726 birlige çenli azaldy. Bu soňky 65 ýylyň içinde iň pes görkezijidir. Muny Awtomobil öndürijileriň we satyjylaryň jemgyýetiniň (SMMT) maglumatlary delillendirýär diýip, TASS habar berýär.

Içerki bazar üçin awtoulag önümçiligi 37,9%, eksport üçin 42,1% azaldy. Şol bir wagtyň özünde elektromobilleriň we iň täze gibrid ulaglaryň önümçiligi pese gaçanok. Oktýabr aýynda olaryň paýy ähli öndürilen awtoulaglaryň 30,9%-ine deň  boldy.

SMMT-niň habar bermegine görä, awtomobil önümçiligi, esasanam, global mikroshema ýetmezçiligi sebäpli bassyr dördünji aý pese gaçýar. Guramanyň öň mälim edilen çaklamalaryna görä, 2021-nji ýylda Beýik Britaniýada bassyr iki ýyl azyndan bir million ýeňil we ýeňil söwda awtomobilleri öndüriler. 2022-nji ýylda bu görkeziji bir milliondan geçer we 2024-nji ýyla çenli 1,2 million birlige ýeter.

SMMT-niň baş müdiri Maýk Hawesiň aýtmagyna görä, şeýle maglumatlar “örän uly alada goýýar we dünýäde ýarym geçirijileriň ýetmezçiliginiň Britaniýanyň awtomobil öndürijilerine we olaryň üpjün edijilerine näderejede güýçli täsir edýändigini görkezýär”.