Boks boýunça toparlaýyn dünýä kubogy Russiýanyň 15 sebitinde geçiriler

  • 25.11.2021 19:53
  • 5k+

2022-nji ýylda Russiýanyň 15 sebitinde geçiriljek boks boýunça toparlaýyn dünýä kubogyna 40-dan gowrak ýurtdan türgenler gatnaşar. Bu barada Halkara boks assosiasiýasynyň (AIBA) prezidenti Umar Kremlew žurnalistlere aýtdy. Muny TASS ýetirýär.

Koronawirus pandemiýasy sebäpli turnir şu ýylyň oktýabr aýyndan 2022-nji ýyla geçirildi. Final tapgyryny Moskwa kabul eder.

“Ýakyn wagtda Russiýada 15 sebitiň ulanylmagy bilen dünýä kubogy geçiriler we oňa 40-dan gowrak ýurtdan türgenler geler. Ilki bilen, futbol boýunça dünýä çempionatynda bolşy ýaly, bütin dünýäde saýlama bolar” – diýip, Kremlew aýtdy.

Guramanyň ýolbaşçysy turnirdäki koronawirusa garşy çäreler barada hem gürrüň berdi. “Biz bar bolan ähli lukmançylyk görkezmelerini berjaý etmeli, sebäbi türgenleriň saglygy biziň üçin möhümdir. Eger türgenler bolmasa, biz hem bolmaýarys. Elbetde, gatnaşyjylar sanjym alsa hasam gowy bolardy” – diýip, ol belledi. 


düýn 15:36
2k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

08.06.2026 12:15
2k+

Roman Şogjiýew grossmeýsteriň ilkinji normasyny ýerine ýetiren iň ýaş küştçi boldy

Russiýaly Roman Şogjiýew taryhda grossmeýsteriň ilkinji normasyny ýerine ýetiren iň ýaş küştçi boldy. Bu barada Russiýanyň küşt federasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär....

30.05.2026 08:45
8.4k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......