Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler girizildi

  • 25.11.2021 15:38
  • 23k+

Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. TmCars.info bu Kodekse girizilen üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň käbirleri hakynda habar berýär.

«Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny 2021 ýylyň 22-nji noýabrynda resmi çap edildi we ol 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girýär.
Ady agzalan Kanuna laýyklykda, sekiz we şondan köp çagany dogran we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 10 ýyldan az bolmadyk, 52 ýaşy dolan aýal maşgalalar ýaşy boýunça pensiýa çykyp bilerler.
Şeýle hem, häzirki wagtda 230 manat 10 teňňe möçberinde tölenilýän çaga seretmek boýunça döwlet kömek puly 27 göterimden gowrak ýokarlandyrylyp, 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 292 manat 50 teňňe möçberinde töleniler.

Bulardan başga-da 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, çaga doglanda berilýän birwagtlaýyn döwlet kömek puly şu aşakdaky möçberlerde belleniler:

  • birinji we ikinji çaga doglanda –binýatlyk ululygyň 130 göterimi (507 manat);
  • üçünji çaga doglanda – binýatlyk ululygyň 250 göterimi (975 manat);
  • dördünji çaga doglanda – binýatlyk ululygyň 500 göterimi (1950 manat);
  • bäşinji çaga doglanda – binýatlyk ululygyň 600 göterimi (2340 manat);
  • altynjy çaga doglanda binýatlyk ululygyň 800 göterimi (3120 manat);
  • ýedinji çaga doglanda binýatlyk ululygyň 1000 göterimi (3900 manat);
  • sekizinji we şondan soňky çagalar doglanda binýatlyk ululygyň 1200 göterimi (4680 manat).

Binýatlyk ululyk Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 390 manat möçberde bellenilendir.


27.05.2026 18:14
4k+

Türkmenistan Gurban baýramyny giň gerimde belleýär

Üç günläp dowam edýän Gurban baýramy türkmen paýtagty Aşgabat şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda giňden bellenilýär....

26.05.2026 19:02
7.2k+

Saparmyrat Atabaýew Karshi Open-2026 halkara ýaryşynyň ilkinji üçlügine girdi

Türkmen grossmeýsteri Saparmyrat Atabaýew Özbegistanda tamamlanan Karshi Open-2026 halkara küşt ýaryşynda üçünji ýeri eýeledi....

26.05.2026 12:36
3k+

“Galkynyş” topary Türkiýede geçirilen medeniýet festiwalyna gatnaşdy

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasy tarapyndan guralan 8-nji Halkara etnosport medeniýet festiwaly geçirildi. Dünýäniň 24 ýurdundan müňden gowrak wekiliň......

25.05.2026 11:17
9.6k+

Türkmenistanda 110 müňe golaý uçurym üçin soňky jaň kakyldy

Türkmenistanda 2025/2026-njy okuw ýylynda 110 müňe golaý okuwçy orta mekdebi tamamlaýar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär....