Ýakynda Las Wegasda Wi-Fi-yň täze nesli - Wi-Fi 7 tanyşdyrdylar

  • 24.11.2021 14:52
  • 7.6k+

Heniz Wi-Fi 6 hem esasy tor tehnologiýasyna öwrülip ýetişmedik bolsa-da, MediaTek çip öndürijisi ýanwar aýynda Las Wegasda durmuş elektronikalarynyň sergisinde (CES) Wi-Fi 7-ni tanyşdyrjakdygyny mälim etdi. Bu barada mediastancia.com habar berdi.

Habar berilmegine görä, Taýwan çip öndürijisi bu tehnologiýany ornaşdyrmak babatda ilkinjileriň biri bolmak isleýändigini aýdýar. Ony irräkden goldamak has giň ekosistemany ösdürmäge we onuň durmuşa geçirilmegine itergi berer diýip, çeşme belleýär.

Şeýle-de bolsa, ony göterip biljek smartfonlaryň, sarp ediş enjamlarynyň we marşrutizatorlaryň bazara çykmagy üçin birneme wagt gerek bolar. Wireless Broadband Alliance (WBA) pudaklaýyn edarasy ilkinji Wi-Fi 7 enjamynyň 2025-nji ýylda çykmagyna garaşýar.


03.06.2026 23:03
5.6k+

Trampyň administrasiýasy ummana gözegçilik edýän iň kämil ulgamlaryň birini ýapar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy deňiz gurşawyny, ekoulgamlary we ahlumumy howa şertleriniň özgertmelerini öwrenmek üçin ulanylan, bahasy 368 million dollara barabar «Ocean Observatories......

31.05.2026 20:50
9.9k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

27.05.2026 15:35
4k+

Alymlar iň köp wulkanly ýurduň adyny aýtdylar

Alymlar dünýäde iň köp wulkanyň ABŞ-da ýerleşýändigini anykladylar. Smitson institutynyň Global wulkançylyk maksatnamasyna görä, ýurtda soňky 12 000 ýylyň dowamynda atylan wulkanlaryň sany takmynan 165....

26.05.2026 16:48
6.7k+

Pentagon uçýan näbelli obýektler barada täze materiallary neşir etdi

Pentagon UNO (uçýan näbelli obýektler) hökmünde belli bolan nätanyş adatdan daşary hadysalar baradaky gizlin resminamalaryň ikinji bölegini köpçülige hödürledi. Täze neşir edilen topluma harby we raýat......