Omar Si "Lýupen" serialyndaky keşbi üçin "Altyn gül" baýragyny alar

  • 20.11.2021 19:48
  • 4.3k+

Fransuz aktýory Omar Si dünýäniň iň abraýly teleýaýlym festiwallaryndan biri bolan “Rose d'Or”, ýagny "Altyn gül" baýragyny alar. Bu barada The Hollywood Reporter-e salgylanyp, kinonews.ru habar berýär.

Omar Si bu baýragy fransuz ýazyjysy Mauris Leblanyň nusgawy başdan geçirmeler romanlaryndan täsirlenip düşürilen “Lýupen” seriýalynda talaňçy jentelmeniň keşbini ýerine ýetirendigi üçin alar. Geçen ýyl çykarylan bu serial Netflix üçin fransuz dilinde surata düşürilen ilkinji dünýä hiti boldy.

"Bu baýraga we siziň hemmäňiziň hormatyňyza mynasyp bolanyma buýsanýaryn" -diýip, Si belleýär.

“Altyn gül” baýragy güýmenje telewideniýesinde gazanylan üstünlik üçin berilýär. Onuň emin agzalar toparynyň düzümine halkara teleýaýlym pudagynyň ýaýlymçylary we prodýuserleri girýär.
60-njy "Altyn gül" baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy 2021-nji ýylyň 29-njy noýabrynda göni ýaýlymda geçiriler.

düýn 22:53
389

Zendeýa On brendi bilen başdan-aýak eşik toplumyny çykardy

Meşhur aktrisa Zendeýa we On sport brendi bilelikde taýýarlan täze eşik we aýakgap kolleksiýasyny tanyşdyrdylar. WWD olaryň 16-njy aprele satuwa çykaryljakdygyny habar berýär....

düýn 19:57
2.8k+

«Köwşüň aýagyňa laýykmy, ýa...?»:zenanlar näme üçin aýaklarynyň ululygyndan utanýarlar?

...Witrinanyň öňünde durup-durup, göwnüne ýaran owadan köwşi ahyry eline alan zenan satyjynyň ýanyna bardy-da, bir gyzaryp, bir bozaryp, özi üçin örän aýyp bolan soragy pyşyrdabrak daşyna çykardy:...

13.04.2026 16:26
4.1k+

Dizaýnerler jins geýmegiň iň moda usulyny aýtdylar

2026-njy ýylyň ýaz/tomus möwsüminiň esasy trendi jinsileri pasyrdap duran giň bluzkalar bilen geýmekdir. Bu görnüş romantikanyň üstüne rahatlyk goşup, geýen kişini göze ýakymly görkezýär....

04.04.2026 14:12
9.1k+

Jinsini döreden Lewi Strauss hiç haçan jinsi geýmändir

Häzirki wagtda jinsi matadan tikilen eşikler dünýäniň iň ýörgünli lybasy bolsa-da, ony döreden Lewi Strauss öz ömründe hiç wagt jinsi eşik geýmändir....