Babadaýhan etrabyndaky täze dokma toplumy açylýar

  • 17.11.2021 16:52
  • 5.2k+

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda gurlan dokma toplumy ulanylmaga berler. Onuň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk barada wise-premýer Ç.Gylyjow 16-njy noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.

Wise-premýer daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary bilen üpjün edilen täze, döwrebap dokma toplumynyň kuwwatynyň ýylda 3 müň 300 tonna ýokary hilli ýüplügi, 20 million inedördül metr dürli görnüşli matalary, şol sanda 18 million inedördül metr matalary boýamaga hem-de 3 million 500 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge barabardygyny habar berdi.

Bu toplumyň ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli önümleri ýurdumyzyň içerki bazaryny üpjün etmek bilen bir hatarda, pudagyň eksport mümkinçiligini artdyrar, şeýle hem onuň işe girizilmegi bilen 1 müň 150 täze iş orny dörediler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalary döretmek, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak, eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmak boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda dokma toplumynyň gurulmagy hem munuň aýdyň mysallarynyň biridir.

Şular barada aýdyp, türkmen Lideri täze desganyň açylyş dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.


düýn 23:05
665

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
776

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......