Berdimuhamedow Türkmenbaşyda gurluşygy tamamlanyp barýan köpugurly hassahana baryp gördi

  • 14.11.2021 10:54
  • 14k+

13-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan 400 orunlyk köpugurly hassahanada amala aşyrylýan işler bilen tanyşdy.

Bu ýerde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hassahananyň bölümleri, onuň enjamlaşdyrylyşy we merkeziň ugurdaş desgalary barada gürrüň berýän çyzgylar, taslamalar görkezildi. Bellenilişi ýaly, Hazaryň kenarynda gurulýan köpugurly hassahana enjamlaşdyrylyşy we bölümleriň ýerleşdirilişi boýunça häzirki zamanyň ösen talaplaryna doly laýyk gelýär.

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen lukmançylyk merkezleri gurlup ulanmaga berildi, ugurdaş desgalaryň gurluşygy dowam edýär. 

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, golaýda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Balkan welaýatynda döwrebap lukmançylyk merkezleriniň ikisi açylyp ulanylmaga berildi. 


düýn 18:22
1.2k+

Minskdäki halkara kitap sergi-ýarmarkasynda Türkmenistanyň Güni guralar

17–22-nji mart aralygynda Minsk şäherinde XXXIII Halkara kitap sergi-ýarmarkasy geçiriler. Bu çäre GDA giňişligindäki iň iri kitap forumlarynyň biridir. Belta agentliginiň habar bermegine görä, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň tematiki günleriniň çäginde Türkmenistan hem öz maksatnamasyny hödürlär...

düýn 16:34
1.3k+

Döwlet sirki Nowruz baýramy mynasybetli çagalar üçin täze şüweleň taýýarlaýar

Türkmenistanyň Döwlet sirki Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli çagalar üçin täze sirk oýunlarynyň maksatnamasyny taýýarlady. Tomaşaçylar şüweleňiň dowamynda türkmen milli sirk sungatynyň däplerini özünde jemleýän çykyşlara tomaşa edip biler...

düýn 10:01
3.9k+

Döwletliler köşgüniň okuwçysy Leýli Möwlamowa «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» boldy

11-nji martda Aşgabatda ýerleşýän Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde umumybilim berýän orta mekdepleriň 2-4-nji synp okuwçy gyzjagazlarynyň arasynda geçirilýän «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy...

11.03.2026 17:11
2.5k+

Türkmenistan BMG-niň Halkara kofe güni baradaky rezolýusiýasynyň awtordaşy boldy

BMG-niň Baş Assambleýasy 1-nji oktýabry Halkara kofe güni diýip yglan etdi. Degişli rezolýusiýa sişenbe güni Nýu-Ýorkda tassyklanyldy. Onlarça ýurt, şol sanda Türkmenistan, Özbegistan we Gyrgyzystan resminamanyň awtordaşlary hökmünde çykyş etdi...