2022-nji ýylyň esasy reňki belli edildi

2022-nji ýylyň esasy reňki belli edildi

Finlýandiýanyň esasy boýag öndürijisi Tikkurila 2022-nji ýylda interýerde boljak esasy reňki kesgitledi. Kompaniýa indiki möwsümde jaýyň içerki bezegi üçin meşhur reňkiň sowuk gyzyl garyndysy bilen ýyly goňur boljakdygyny belleýär. Bu barada lak we boýag öndüriji brend öz Instagram-ynda habar berdi. Muny Day.Az ýetirýär. 

Firma köp taraply esasy reňkiň ýumşaklygy, asudalygy we güýji görkezýändigini düşündirýär. “Soňky iki ýylda biz öýde has köp wagt geçirip başladyk. Bir tarapdan, bu mejbury çäre, beýleki tarapdan bolsa ýakymly. Hut şol sebäpli biz hemişe dolanyp gelýän ýerimizi täzelemek üçin jaýlaryň interýerini täzeden gözden geçirmegi teklip edýäris” – diýip, Russiýadaky Tikkurila Academy taslamasynyň ýolbaşçysy Darýa Skorobogatowa sosial ulgamda göni ýaýlymyň dowamynda aýtdy. Kompaniýanyň işgäri brendiň geçen möwsümiň esasy reňki hökmünde asuda açyk gök reňki saýlandygyny ýatlap geçdi.