25 ýurtdan 300 wekiliň gatnaşmagynda «Türkmentel — 2021» onlaýn maslahaty geçirildi

  • 11.11.2021 09:01
  • 8.1k+

10-njy noýabrda Aşgabatda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2021” atly XIV halkara onlaýn maslahaty öz işine başlady. Ony “Türkmenaragatnaşyk” agentligi hem-de Söwda-senagat edarasy guradylar.

Häzirki zaman aragatnaşyk serişdelerine bagyşlanan şu gezekki halkara onlaýn maslahatda garalýan wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga 25 ýurtdan wekilleriň 300-den gowragy gatnaşýar. Maslahatyň işine diňe bir işewür toparlary däl, eýsem, hünärmenler, alymlar hem-de bilermenler gyzyklanma bildirdiler. Ýurdumyzyň öňden gelýän, hemişelik hyzmatdaşlarynyň hatarynda aragatnaşygyň dürli görnüşleri, maglumatlar tehnologiýalary bazarynda öňdäki orunlary eýeleýän “NOKIA”, “HUAWEI”, “Thales”, “Afghan Wireless” , “Delta Telecom Ltd”, “Rostelecom”, “Eastwind”, “Azertelecom” we beýlekiler bar.

Halkara ölçegleriň derejesine laýyk gelýän giň telekommunikasiýa ulgamynyň döredilmegi Türkmenistanyň diňe bir Merkezi Aziýa sebitindäki esasy ulgam hökmündäki ösüşiniň esasy ugurlaryny däl, eýsem, Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky uly ähmiýete eýe bolan maglumat-kommunikasiýa köprüsi hökmündäki ornuny hem kesgitleýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda maglumatlary geçirmegiň döwletara optiki-süýümli ulgamlarynyň 8-si hereket edýär.

Maslahatyň barşynda sanly ulgam arkaly daşary ýurtly maslahata gatnaşyjylar — Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşiginiň Baş sekretary Haulin Çžao, GDA agza ýurtlaryň aragatnaşyk boýunça Sebit hyzmatdaşlygynyň Baş direktory Nurudin Muhitdinow, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitinde tehniki direktor Jeý-Pi Takakla, «CNBG Huawei Eurasia» kompaniýasynyň prezidenti Çžao Leý we beýlekiler çykyş etdiler.

Forum tamamlanandan soňra “Sanly çözgüt — 2021” atly innowasiýa taslamalary bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.


düýn 11:33
813

Raşid Meredow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýolbaşçysy bilen onlaýn duşuşyk geçirdi

30-njy ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy boldy. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi...

düýn 09:07
2k+

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026–2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026–2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. TDH-nyň habar bermegine görä, degişli Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi...

düýn 02:15
1.8k+

Türkmenistan Halkara hukugyň ýyly baradaky başlangyja bagyşlanan çärelere taýýarlanýar

30-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 2028-nji ýylda Halkara hukugyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça 2026-njy ýyl üçin çäreleriň Meýilnamasy barada hasabat berdi...

30.01.2026 18:19
4.3k+

Türkmenistanyň ilçisi Azerbaýjanyň Prezidentiniň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Bakuwdaky ilçisi Gurbanmämmet Elýasow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň kömekçisi, Prezident Diwanynyň Daşary syýasat meseleleri bölüminiň müdiri Hikmet Hajiýew ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy...