Gazagystanyň Aktau şäherindäki kafede güýçli partlama bolup geçdi

  • 08.11.2021 15:34
  • 20k+

Gazagystanyň Aktau şäherindäki «Aýanat» kafesinde tutuş binanyň ýumrulmagyna getiren partlama bolup geçdi. Bu barada iz.ru Respublikanyň Mangistau welaýatynyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça departamentiniň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.

«7-nji noýabrda 22:25-de (21:25 aşg.) Mangistau welaýatynyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça departamentine Aktau şäherinde 29 A kiçi etrapçasy salgysy boýunça näbelli ýagdaýlarda partlamanyň bolup geçendigi hakynda maglumat geldi. Partlama netijesinde desga tutuşlygyna ýumruldy» - diýlip habarda aýdylýar.

Netijede iki gatlyk bina dolulygyna ýumruldy. Adatdan daşary ýagdaý iş güni tamamlanandan soň bolup geçenligi sebäpli, hiç kim ejir çekmedi. Partlamanyň deslapky sebäbi gaz ýaýramasy.

Hünärmenler wakanyň bolup geçen ýerinden eýýäm iki sany gaz ballonyny tapdylar. Wakanyň bolan ýerinde operatiw ştab döredildi, çägi arassalamak işine tehnikalardan başga-da, 200-den gowrak halas ediji gatnaşýar.


31.01.2026 13:38
4.4k+

Gazagystanda uzak aralykdan balyk tutma hyzmatyny hödürläp başladylar

Gazagystanly programmaçylar çeňňegi onlaýn ýagdaýda dolandyrmaga mümkinçilik berýän «GoFish» hyzmatyny işe girizdiler. Bu barada taslamanyň resmi saýtynda habar berilýär. Ulanyjylara balyk tutmak üçin ýörite ýer we amatly çeňňek saýlamak, soňra bolsa amala aşyrylýan işe uzak aralykdan tomaşa etmek arkaly ony dolandyrmak hödürlenilýär...

29.10.2023 09:06
46k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe şahtada bolup geçen heläkçilik zerarly gynanç hatyny...

12.06.2023 10:11
50k+

Serdar Berdimuhamedow we Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidentine gynanç bildirdiler

Prezident Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe ýurduň Abaý oblastynda...

30.08.2021 10:18
44k+

Türkmen Lideri gazak kärdeşine gynanç hatyny ýollady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe ýurduň Žambyl welaýatyndaky harby bölüminde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren...