Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe ýurduň Žambyl welaýatyndaky harby bölüminde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly adatdan daşary ýagdaý zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada TDH-niň habarynda aýdylýar.
Döwlet Baştutany hatynda bu habary çuňňur gynanç duýgusy bilen kabul edendigini belläp, häzirki agyr pursatda ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna gynanç sözlerini beýan etdi.
Mälim bolşy ýaly, 26-njy awgustda Gazagystanyň Źambyl welaýatyndaky inźenerçilik harby serişdeleri saklanýan harby bölümiň ammarynda güýçli ýangyn bolup geçdi. Habar beriş serişdeleriniň maglumatlarynda pajygaly ýagdaýda ýüze golaý adamyň ejir çekip, olaryň arasynda adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ýerli departamentiň işgärleriniň hem bardygy aýdylýar.
Ýangynlar 28-nji awgustda irden doly söndürildi we 29-njy awgust ýurtda matam güni diýlip yglan edildi.