Toyota 2022-nji ýylda ilkinji elektromobilini satyp başlar

  • 31.10.2021 10:03
  • 14k+

Ýaponiýanyň iň uly awtokonserni Toyota Motor ilkinji elektromobilini 2022-nji ýylda satyp başlar. Bu barada kompaniýada habar berildi diýip, ren.tv belleýär.

Toyota bZ4X krossowerini dünýäde, şol sanda Ýaponiýada, Demirgazyk Amerikada, Hytaýda we Ýewropada 2022-nji ýylyň ortalaryndan satyp başlamak meýilleşdirilýär. Modeliň bahasy heniz yglan edilmedi. 

Kompaniýa awtomobiliň bir zarýad bilen, takmynan, 500 kilometri geçip biljekdigini, batareýa 80%-e çenli zarýad bermegiň ýarym sagat töweregi wagt aljakdygyny belleýär. Şeýle-de, alyjylar üçin gün batareýalary bilen üpjün edilen modifikasiýa elýeterli bolar.

2025-nji ýyla çenli ýapon awtokonserni 15 modeli öz içine aljak täz elektromobil hataryny döretmekçi bolýar. Toyota bZ4X bu seriýadaky ilkinji model bolar. Häzirki wagtda Toyota Motor-yň model hatarynda elektrik ulagy ýok, ýöne kompaniýa köp sanly gibridleri we Mirai wodorod awtomobilini hödürleýär.

Ýaponiýanyň hökümeti 2020-nji ýylyň ahyrynda bug gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça täze meýilnamany tassyklady, bu 2030-njy ýyllaryň ortalaryna çenli ähli benzin we dizel ýangyçly awtomobillerden ýüz öwürmegi hem maksat edinýär.


düýn 21:54
1.8k+

Toyota kompaniýasy Crown hatarynyň üç modeliniň täzelenen görnüşini taýýarlaýar

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazary üçin Crown Crossover, Crown Sport we Crown Sedan modelleriniň täzelenen görnüşlerini taýýarlaýar. «Creative Trend» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, restaýling edilen......

24.06.2026 18:36
4.6k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 14:05
5.1k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......