Apple-iň çärýek girdejisi 29% ýokarlandy

  • 30.10.2021 16:46
  • 2.1k+

2021-nji ýylyň geçen çärýeginiň jemi boýunça Apple amerikan kompaniýasynyň girdejisi geçen ýylky görkezijiler bilen deňeşdirilende, 29% ýokarlandy. Muny kompaniýanyň saýtynda ýerleşdirilen hasabaty delillendirýär. Bu barada TASS-a salgylanyp, Trend habar berýär.

25-nji sentýabrda tamamlanan üç aýlyk hasabat döwrüniň dowamynda Apple-iň girdejisi 83,4 mlrd dollar boldy. 2020-nji ýylyň degişli döwründe bu görkeziji 64,7 mlrd dollara golaýlapdy. Geçen çärýegiň jemi boýunça kompaniýanyň arassa girdejisi geçen ýylyň degişli döwründäki 12,6 mlrd dollar bilen deňeşdirilende, 20,5 mlrd dollar boldy.

25-nji sentýabrda kompaniýada tamamlanan maliýe ýylynyň jemi boýunça Apple-iň girdejisi geçen ýyldaky 274,5 mlrd dollar bilen deňeşdirilende, 365,8 mlrd dollar boldy. Maliýe ýylynyň jemi boýunça arassa girdeji 94,6 mlrd dollar boldy, bir ýyl ozal bu görkeziji boýunça maglumatlar 57,4 mlrd dollara deň bolupdy.

Kompaniýanyň esasy önümi iPhone bolmagynda galýar, dünýäde bu smartfonlaryň satuwyndan alnan girdeji çärýekde 38,8 mlrd dollar, maliýe ýylynda 191,9 mlrd dollar boldy.


17.11.2025 09:56
2.1k+

Financial Times: Apple Tim Kugy çalyşmaga taýýarlygy işjeňleşdirdi

Apple-iň müdirler geňeşi we ýokary ýolbaşçylygy Tim Kuguň baş direktor wezipesinden gitmegine taýýarlygy işjeňleşdirdi. Bu barada kompaniýanyň içindäki gürrüňler bilen tanyş çeşmelere salgylanyp, Financial Times (FT) habar berýär...

16.11.2025 20:46
2.1k+

Mask ahyrsoňy Apple we OpenAI bilen bagly işi kazyýete berdi

Apple we OpenAI Ilon Maskyň kompaniýalarynyň (X Corp we xAI) antimonopoliýa arzasyny ýatyryp bilmediler. ABŞ-nyň okrug kazysy Mark Pitman (Mark Pittman) bu baradaky haýyşlary kanagatlandyrmady. Kazynyň bu karary X Corp we xAI kompaniýalaryna Apple we OpenAI-ny "bäsdeşlige garşy dilleşmekde" we bäsdeşler üçin päsgelçilik döretmekde aýyplaýan kazyýet işini dowam etmäge mümkinçilik berdi...

09.11.2025 21:03
1.8k+

Apple Google-nyň Gemini emeli aňyny ulanmak üçin ýylda 1 milliard dollar tölär

Apple özüne degişli Apple Intelligence platformasynyň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin Google Gemini emeli aňynyň ýöriteleşdirilen görnüşini ulanmagy meýilleşdirýär. Bloomberg žurnalisti Mark Gurmanyň maglumatlaryna görä, Apple bu tehnologiýa elýeterlilik üçin Google-a ýylda takmynan 1 milliard dollar tölär...

03.11.2025 10:01
1.8k+

Apple çärýegi iPhone-yň we hyzmat ugrunyň netijesinde rekord girdeji bilen tamamlady

Apple geçen çärýegi iPhone satuwynyň we hyzmat ugrunyň ösmeginiň netijesinde rekord girdeji bilen tamamlandy. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Tim Kuk umumy girdejiniň 8% ýokarlanyp, 102,5 mlrd dollar bolandygyny belledi...