Dubaýda 72-nji Halkara kosmonawtlar gurultaýy öz işine başlady

  • 26.10.2021 17:23
  • 3k+

25-nji oktýabrda Dubaýda (Birleşen Arap Emirlikleri) Halkara kosmonawtlar gurultaýy açyldy. Çäre ilkinji gezek arap ýurtlarynda geçirilýär diýip, TASS habar berýär.

72-nji Halkara kosmonawtlar gurultaýy Halkara kosmonawtlar federasiýasynyň howandarlygynda geçirilip, Dubaýyň Bütindünýä söwda merkezinde 25-29-njy oktýabr aralygynda dowam eder. Bu çärä dürli ýurtlardan kosmos agentlikleriniň ýolbaşçylary, kosmos senagatynyň wekilleri, enjam öndürijiler we kosmos bilen baglanyşykly meseleler boýunça ýöriteleşen alymlar gatnaşarlar. Onda hünärmenler özleriniň gazanan üstünliklerini görkezerler we geljekde kosmos gözleg missiýalarynyň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Dubaýdaky gurultaý ilkibaşda 2020-nji ýylda geçirilmelidi, ýöne koronawirus pandemiýasy sebäpli onlaýn ýagdaýda geçirildi we BAE-de geçiriljek çäre 2021-nji ýyla yza süýşürilmeli boldy. Her ýylda geçirilýän halkara kosmonawtlar gurultaýy 1950-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Muňa garamazdan, şu ýylky çäre onuň arap ýurtlarynda ilkinji gezek geçirilişi boldy.


17.05.2025 00:28
1.9k+

Neuralink Abu-Dabide enjamlary pikiriň güýji bilen dolandyrmak boýunça synaglara başlaýar

Ilon Maskyň Neuralink kompaniýasy Ýakyn Gündogarda ilkinji kliniki synaglaryň başlanandygyny habar berdi. Kompaniýa pikiriň güýji bilen aragatnaşyk saklamak we enjamlary dolandyrmak mümkinçiligini öwrener. UAE-PRIME atly taslama Cleveland Clinic Abu Dhabi we Abu-Dabiniň Saglygy goraýyş departamenti bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär...

01.02.2025 12:05
9.1k+

BAE ýagşy emeli ýagdyrmak üçin täze tehnologiýalary synagdan geçirýär

Birleşen Arap Emirliklerinde ýagşy emeli ýagdyrmak üçin iki innowasion tehnologiýa ulanylyp başlandy. Gürrüň bulutlary “ekmek” üçin nanotehnologiýalar, şeýle-de dronlarda we uçarlaryň ganatynda elektrik razrýadnikleri...

25.06.2024 13:46
7.3k+

BAE-de gadymy Tuam şäheriniň harabalyklary tapyldy

BAE-de arheologlar gadymy şäheriň harabalyklaryny tapdylar, olar muny arap çeşmelerinde agzalýan, ýitirilen Tuam şäheri bolmagy mümkin diýip hasaplaýarlar. Açyş Umm-el-Kuweýn sebitinde ýerleşýän Al-Sinniýa adasynda...

16.05.2024 13:37
13k+

Dubaýdaky Al-Sinniýa adasyndaky dürçüler şäheriniň harabalyklary IV asyra degişli hasaplanylýar

Arheologlar Dubaýyň 42 km demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Al-Sinniýa adasyndan birnäçe gadymy oturymly ýerleriň galyndylaryny tapdylar. Tapyndylar sebitiň irki taryhyny açýar diýip, BAE-niň Syýahatçylyk we arheologiýa...