Klublaýyn dünýä çempionaty 2022-nji ýylyň başynda BAE-de geçiriler

  • 24.10.2021 14:32
  • 4.3k+

Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino nobatdaky Klublaýyn dünýä çempionatynyň 2022-nji ýylyň başynda BAE-de geçiriljekdigini mälim etdi. Bu barada rsport.ria.ru habar berdi.

Ozal Klublaýyn dünýä çempionatyny Ýaponiýada geçirmek meýilleşdirilipdi. Sentýabr aýynda Ýaponiýa koronawirusyň ýaýramagy sebäpli 9-19-njy dekabr aralygynda geçiriljek Klublaýyn dünýä çempionatyndan ýüz öwürdi. Soňra ýurduň ilatyna sanjym etmegiň zerurlygy sebäpli Günorta Afrika hem ondan boýun gaçyrdy.

"Klublaýyn dünýä çempionatyny Ýaponiýadan Birleşen Arap Emirliklerine, 2022-nji ýylyň başyna geçirmeli diýlip karara gelindi" diýip, Infantino FIFA-nyň geňeşinden soň geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.

"Afrika barada aýdanymyzda, ol ýerde oýna uly höwes we ajaýyp zehinler bar. Zerur infrastrukturanyň ýola goýulmagy bilen, Afrikada futbolyň ösjekdigine ynanýaryn" diýip, Infantino žurnalistlere gürrüň berdi.


düýn 23:41
1.5k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
8.9k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.9k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......