Hakerlere iPhone 13-i "döwmek" üçin bary-ýogy bir sekunt gerek boldy

  • 24.10.2021 14:49
  • 13k+

Apple 13 seriýaly modelleriň operasiýa ulgamyna aralaşmak boýunça ilkinji üstünlikli synanyşyk hakynda mälim edildi. Bu barada "Laýf" portalyna salgylanyp, pcnews.ru habar berdi.

“MyDrivers”-iň habar bermegine görä, Hytaýyň “Tianfu Cup 2021” bäsleşigi geçirildi. Onuň esasy şertleriniň biri iOS 15 ulgamyna aralaşmak we smartfonyň içinden surat pozmakdy. Bäsleşige gatnaşyjy hakerleriň biri muny bary-ýogy bir sekuntda ýerine ýetirmegi başardy.

“Pangu Lab” hakerleri smartfony döwmek üçin iOS 15 ýadrosyndaky we Safari brauzerindäki "gowşak nokatdan" peýdalanypdyrlar. Şeýle hem uzak aralykdan smartfony jeýlbreýk etmegiň (döwmegiň) möhümdigi bellenildi.


şu gün 15:36
3.6k+

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan astronawt iPhone 17 Pro Max-da alnan «Ýeriň ýaşyşynyň» wideosyny paýlaşdy

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan «Artemis II» missiýasynyň serkerdesi Rid Waýzman seýrek duş gelýän kosmos hadysasynyň — Ýer şarynyň Aýyň gözýetiminden ýaşyp barýan pursatynyň wideosyny paýlaşdy. Bu kadrlar......

22.03.2026 04:18
2.2k+

Apple operasion ulgamlarynyň täzelenmesini üýtgetdi hem-de könelen smartfonlar sanawynyň üstüni ýetirdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...

10.03.2026 08:10
3.8k+

Apple 15 sany enjamynyň önümçiligini ýatyrýar

Apple kompaniýasy geçen hepde 10 sany täze enjamyny tanyşdyrmak bilen bir hatarda, ozal öndürilýän 15 sany önüminiň çykarylmagyny bes edýändigini-de yglan etdi. Täzelikleriň arasynda iPhone 17e smartfony, M4 prosessorly...

05.03.2026 06:56
1.4k+

Apple iň elýeterli MacBook-yny hödürledi: onuň bahasy 600 dollardan başlanýar

4-nji martda Apple kompaniýasy özüniň iň elýeterli noutbugy bolan MacBook Neo-ny tanyşdyrdy. Modeliň bahasy 599 dollardan başlanýar. Bilim ulgamyndaky alyjylar üçin bolsa arzanladyşly baha — 499 dollar bellenildi...