«Milli goşun», «Asudalygyň goragynda», «Serhet abat — döwlet abat» žurnallary elektron görnüşe geçiriler

  • 23.10.2021 15:50
  • 6.3k+

Türkmenistanda Goranmak ministrliginiň “Milli goşun”, Içeri işler ministrliginiň “Asudalygyň goragynda”, Döwlet serhet gullugynyň “Serhet abat — döwlet abat” metbugat neşirlerini elektron görnüşe geçirmek teklip edilýär. Bu barada Hökümetiň nobatdaky mejlisinde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow türkmen Liderine hasabat berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwürleýin neşir önümleriniň täze görnüşde işjeň ýaýradylmagynyň maglumat tehnologiýalarynyň artýan mümkinçilikleri bilen şertlendirilendigini, neşirleriň sanly görnüşe geçirilmeginiň okyjylaryň täze neslini — ykjam we döwrebap enjamlardan peýdalanyjylary çekmäge mümkinçilik berýändigini belledi.

Nygtalyşy ýaly, harby we hukuk goraýjy edaralaryň web-saýtlarynda ýurdumyzyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň mazmunyny hem-de ähmiýetini açyp görkezýän, degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen tanyşdyrýan, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmagyň, ýol hereketiniň we ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmegiň möhümdigi barada gürrüň berýän makalalar ýerleşdirilmelidir.


düýn 18:37
1.5k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokiodaky “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy

27–29-njy aprel aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekillerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy.......

düýn 16:55
2.2k+

«Watan» kinokonsert merkezi Beýik Ýeňşi bilelikde bellemäge çagyrýar

9-njy maýda «Watan» kinokonsert merkezinde «Beýik Ýeňiş — kalplarda» («Великая Победа – в сердце каждого») atly konsert geçiriler....

düýn 16:17
3.1k+

Türkmen-hytaý işewürler forumy Hytaý bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitledi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi....

düýn 11:14
2.1k+

Aşgabatda Türkmenistanyň we Seýşeller Respublikasynyň DIM-leriniň ýolbaşçylary duşuşdy

29-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyza ilkinji resmi sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri For bilen duşuşygy......