Hindistanda soganyň täze görnüşi ýüze çykaryldy

  • 21.10.2021 17:53
  • 10k+

Hindi alymlary iýilýän sogan bolan Allium negianum-yň täze görnüşi hakynda aýtdylar. Bu görnüş ýurduň Nepal bilen serhedindäki jülgede bitýär diýip, Lenta.ru habar berdi.

Alymlar soganyň täze görnüşini Hindistanyň demirgazyk-gündogaryndaky Uttarakhand welaýatynyň Niti jülgesinde ýüze çykardylar. Ol 3-4,8 müň metr belentlikde bitýär we esasan, açyk çemenliklerde, çägeli topraklarda, derýalaryň we dag silleriniň ýakalarynda duşýar. Täze görnüş soganyň Gimalaý daglarynda bitýän Pržewalskiý görnüşi bilen has ýakyndyr.

Gyzykly ýeri, ýerli ýaşaýjylar bu sogany alymlardan öňürti tapypdyrlar we ol ýerli bazarda uly islegden peýdalanýar.


düýn 09:57
4.5k+

Wýetnamda 2000 ýyl ozal dişleri garaltmak däbi bolupdyr: bu geň däbiň syry açyklandy

Dişleri garaltmaklyk — Gündogar we Günorta-Gündogar Aziýa halklarynyň arasynda gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýän özboluşly däpdir. Bu däp adamlar üçin "özüňkini" "ýatdan" tapawutlandyrmak, adamlary jyn-şeýtanlardan, medeniýetli halky bolsa "wagşylardan" saýhallamak ýaly birnäçe möhüm wezipäni ýerine ýetiripdir...

13.02.2026 23:10
6.6k+

Gury ýerdäki ilkinji ot iýýän jandar: 307 million ýyllyk Tyrannoroter tapyldy

Paleontologlar ösümlikler bilen iýmitlenmegi başaran iň irki oňurgaly jandarlaryň birine degişli 307 million ýyllyk galyndylary ylmy esasda suratlandyrdylar. Bu möhüm gözleg Nature Ecology & Evolution žurnalynda çap edildi...

10.02.2026 09:48
2k+

Ýapon alymlary wolframdan 3D çap etmegiň täze usulyny işläp düzdüler

Hirosima uniwersitetiniň alymlary iň gaty senagat materiallarynyň biri bolan wolfram-kobalt karbidinden (WC-Co) dürli önümleri 3D çap etmegiň innowasion usulyny tapdylar. Täze tehnologiýa materialy doly eretmän, ony diňe ýumşatmak arkaly işleýär...

05.02.2026 02:03
2.8k+

Ýupiter «garnyny çekdi»: iň uly planeta ozal hasaplanyşyndan kiçi bolup çykdy

Gün ulgamynyň iň uly planetasy bolan Ýupiter soňky 50 ýylyň dowamynda kabul edilen ölçeglerinden birneme kiçi we polýuslarda has gysby bolup çykdy. Bu netijä Ysraýylyň Weýsman ylmy instituty tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän halkara alymlar topary NASA-nyň Juno zondundan alnan maglumatlary seljermek arkaly geldiler...