Президент Туркменистана принял главу «Лукойла» Алекперова

  • 20.10.2021 01:34
  • 8.6k+

19-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Ol türkmen Liderine “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýurdumyzda alyp barýan işleri, şol sanda Hazarda taslamalary durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berip, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça teklipleri beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyldy. Hazar sebitiniň ýangyç serişdelerini özleşdirmek ara alnyp maslahatlaşmalaryň esasy meseleleriniň biri boldy.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň ýanwar aýynda gol çekilen Hazar deňzinde “Dostluk” uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp taýýarlamak hem-de özleşdirmek hakynda Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama netijeli hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýar. Şoňa görä-de, myhman türkmen Liderine “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýurdumyzda alyp barýan işleri, şol sanda Hazarda taslamalary durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berip, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça teklipleri beýan etdi.

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 12-nji oktýabrynda “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow bilen hem duşuşdy. Ol kompaniýanyň gatnaşyklaryň çägini giňeltmäge taýýardygyny aýdyp, türkmen Lideriniň garamagyna Hazaryň türkmen bölegindäki ýataklary işläp geçmek boýunça täze teklipleri hödürledi. Munuň özi daşary ýurtly ugurdaş kompaniýalaryň Hazaryň türkmen kenaryndaky baý uglewodorod ýataklarynda iş alyp barmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini görkezýär. 


17.01.2026 08:47
4.9k+

В ТКНПЗ планируется модернизация инфраструктуры

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
3.7k+

Из новой скважины на месторождении Хазарлы получен мощный приток газа

На месторождении Хазарлы в Лебапском велаяте из новой скважины получен мощный приток природного газа, сообщила газета Nebit-Gaz. Речь идет о скважине «Хазарлы-3», пробуренной экспедицией «Marynebitgazgözleg» Государственной корпорации «Türkmengeologiýa»...

27.12.2025 13:07
11k+

В 2026 году начнется освоение четвертого этапа месторождения «Galkynyş»

В начале 2026 года китайская нефтегазовая корпорация CNPC начнет в Туркменистане реализацию четвертой очереди промышленного освоения газового месторождения «Galkynyş». Проект направлен на дальнейшее раскрытие ресурсного потенциала месторождения и укрепление энергетических возможностей страны...

12.12.2025 16:33
5.1k+

На месторождении Узынада введены в эксплуатацию новые скважины

Государственный концерн «Türkmennebit» успешно завершил бурение и ввёл в эксплуатацию три новые продуктивные скважины на месторождении Узынада, расположенном в прибрежной зоне Каспийского моря. Данный успех стал трудовым подарком к 30-летию постоянного нейтралитета Туркменистана...