Samsung dünýädäki iň gowy iş beriji boldy

  • 19.10.2021 18:54
  • 4.7k+

«Forbes» amerikan žurnaly 2021-nji ýylda dünýädäki iň gowy iş bilen üpjün edijileriň sanawyny neşir etdi. Birinji orny Günorta Koreýanyň Samsung kompaniýasy eýeledi. Onuň yzyndan IBM kompaniýasy gelýär. Üçünji orunda Microsoft, dördünji orunda Amazon ýerleşýär. Liderleriň bäşligini bolsa Apple jemleýär diýip, ferra.ru habar berýär.

Altynjy we ýedinji orunlarda, degişlilikde, Alphabet bilen Dell Technologies ýerleşdi. 

ABŞ tarapyndan girizilen sanksiýalar we koronawirus pandemiýasy sebäpli ýüze çykan kynçylyklara garamazdan, Huawei hem liderleriň onlugyna girip, sekizinji orny eýelemegi başardy. Kompaniýa tehnologiýa pudagynyň ösüşi bilen aýakdaş gitmek üçin täze işgärleri, aýratynam tehniki hünärmenleri yzygiderli işe alýar. 

Liderleriň onlugyna Adobe we BMW Group kompaniýalary hem girdi. Üns bersek, bu sanawdaky kompaniýalaryň köpüsi ABŞ-nyň kompaniýalarydyr. Sanaw düzülende, žurnal dünýäniň 58 ýurdundan 150 müňe golaý işgär bilen pikir soraşma geçirdi.


düýn 14:49
2.8k+

Jeff Bezos we Loren Sançes ekologiýa taýdan arassa matalary döretmek üçin 34 million dollar berdiler

Jeff Bezos we Loren Sançes poliesterdir pagta ýaly materiallaryň ornuny tutjak ekologiýa taýdan arassa önümleri işleýän ylmy merkezleri goldamak üçin 34 million dollar serişde goýberdiler....

düýn 14:43
4.6k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

07.05.2026 21:13
2.9k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....