6-njy oktýabrda Türkmenistanda Hatyra güni bolar

  • 02.10.2021 14:27
  • 13k+

6-njy oktýabrda Türkmenistanda Hatyra güni geçiriler. Hökümetiň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, ähli häkimlere, ýolbaşçylara Hatyra gününde geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmek boýunça tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow harby we hukuk goraýjy edaralardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Işiň häzirki zaman usullaryny hem-de öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmak arkaly harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hem aýdyldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, 6-njy oktýabrda garaşsyzlygymyz, erkinligimiz, bagtyýar durmuşymyz üçin şirin janlaryny gurban eden ata-babalarymyzyň hatyralanyp hem-de olaryň ýatlanyp geçiljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, ähli häkimlere, ýolbaşçylara Hatyra gününde geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.


şu gün 00:03
708

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......