BTS K-Pop topary BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde çykyş etdi

  • 25.09.2021 08:33
  • 9.4k+

Günorta Koreýanyň BTS pop toparynyň wekilleri BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde ýaşlar, garyplyk we deňzislik meseleleri boýunça çykyş etdiler diýip TASS Insider-e salgylanyp habar berýär. 

COVID-19 pandemiýasy zerarly BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisi Nýu-Ýork şäherinde garyşyk görnüşde geçirilýär. Emma bu ýagdaý BTS toparyna mejlisiň resmi bölümini öz çykyşlary bilen açmagyna päsgelçilik bermedi. Olar BMG-niň ştab-kwartirasynda «Permission to Dance» aýdymyna klip düşürdiler, ol bir günde 10 mln-dan gowrak gezek görüldi.

Bulardan başga-da, aýdymçylar mejlise Koreýa Respublikasyndan diplomatlar hökmünde gatnaşdylar. Ýurduň Prezdienti Mun Çže In BTS-iň agzalaryny geljek nesilleri we medeniýet meseleleri boýunça ilçiler diýip atlandyrdy.

 «Men bu günki gün ýetginjekleri COVID-19-yň ýiten nesli diýip atlandyrýandyklaryny eşitdi, aýtmaklaryna görä, häzirki wagtda çäklendirmeler zerarly olar ýolundan azaşyp, öz-özlerini açyp görkezmäge mümkinçilik almaýarlar. Emma uly ýaşlarylaryň olaryň barýan ýollaryny görüp bilmeýändikleri üçin ýetginjekler ýolundan azaşan diýmek ýalňyşmyka diýýärin» - diýip, BTS-iň lideri Kim Nam-jun aýtdy.


15.07.2025 12:29
14k+

Günorta koreýaly balykçylar awlan 1,9 million dollarlyk balyklaryny deňze taşlamaly boldular

Günorta Koreýanyň balykçylyk gämisiniň ekipažy umumy bahasy 1,9 million dollar bolan 1300-den gowrak  mawy reňkli ýuwaş umman tunesini suwa taşladylar. Bu barada ýerli hökümetiň maglumatyna salgylanýan South China Morning Post habar berdi...

02.07.2025 14:07
5.5k+

Oskar baýragyny alan studiýa doly emeli aň tarapyndan döredilen multserialy çykardy

“Mugthorlar” (Паразиты) filmini çykaran CJ ENM kompaniýasy doly derejede emeli aň tarapyndan döredilen “Pişik Biggi” multserialyny hödürledi. Ony döredijiler konsepsiýany işläp taýýarlamak, distribusiýa we mahabatlandyrmak ýaly ähli işler bilen EA-nyň meşgullanandygyny belleýär...

24.06.2025 19:05
6.5k+

Günorta Koreýanyň kazyýeti sanly awatarlary hakyky adamlar ýaly gorap başlady

Günorta Koreýanyň kazyýeti sanly awatarlara atylan töhmeti olaryň eýeleriniň mertebesine zyýan ýetirmek bilen deňeşdirdi. Bu barada South China Morning Post habar berýär. Kazyýet işi Plave wirtual K-pop toparynyň agzalary tarapyndan öňe sürüldi...

14.06.2025 19:30
12k+

BMG dünýäde çaga dogluş derejesiniň peselmeginiň esasy sebäplerini aýtdy

Dünýäniň köp ýurtlarynda çaga dogluş derejesi rekord pes görkezijilere ýetdi. Bu barada BMG-niň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) täze hasabatynda aýdylýar. ÝUNFPA 14 ýurtda, şol sanda ABŞ-da, Hindistanda, Braziliýada we Germaniýada 14 müň adamyň arasynda barlag geçirdi...