Ýaponiýada garry adamlaryň paýy rekord görkezijilere ýetdi

  • 24.09.2021 14:21
  • 8.8k+

2021-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli Ýaponiýanyň garry ilatynyň paýy ýurduň ähli ýaşaýjylarynyň 29,1 göterimine ýetdi, bu onuň tutuş taryhynda rekord möçberdir. Bu barada milli hökümetiň maglumatlaryna salgylanyp, “Mainichi” neşiri ýazýar diýip, lenta.ru belleýär.

Garry adamlar 2020-nji ýylyň ahyryna çenli Ýaponiýanyň ähli işleýän raýatlarynyň 13,6 göterimini emele getirdi. Neşir bu netijeleri “jemgyýetiň çalt garraýandygynyň ýene bir subutnamasy” hökmünde häsiýetlendirýär. Ýaponiýada garry adam hökmünde 65 ýaşdan uly raýatlar göz öňünde tutulýar. Sentýabr aýynda olaryň sany 36,4 million boldy, bu bolsa 2020-nji ýyldakydan 220 müň san köpdür.

Bu maglumatlar Içeri işler we aragatnaşyk ministrligi tarapyndan Garrylaryň güni üçin berildi. Edaranyň maglumatlaryna görä, Ýaponiýa ilatyň garramagy boýunça dünýä rekordyny goýdy. Ikinji orny Italiýa eýeleýär, ol ýerde garry adamlaryň paýy 23,6 göterim, üçünji orun Portugaliýa (23,1 göterim) degişli.

Ýurtda 65 we ondan uly ýaşly 15,83 million erkek we 20,57 million aýal ýaşaýar. 2020-nji ýylyň ahyrynda işi bar bolan 9,06 million garry adamyň 5,39 millionyny erkek adamlar emele getirdi. 80 we ondan uly ýaşly adamlaryň sany 12,06 million boldy, bu bir ýyl ozalkydan 460 müň san köpdür.

90 we ondan uly ýaşly adamlaryň sany 80 müň uzak ýaşaýan bilen birlikde 25,9 milliona ýetdi. Ýaponiýanyň Milli ilat gözlegleri we sosial üpjünçilik institutynyň çaklamalary boýunça, garry adamlar 2025-nji ýyla çenli Ýaponiýanyň ilatynyň 30 göterimini, 2040-njy ýyla çenli 35,3 göterimini emele getirer.


14.05.2026 14:43
2.3k+

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik gökdiräni — Torch Tower binasy gurulýar

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik binasy boljak «Torch Tower» diňiniň gurluşygy batly depginler bilen dowam edýär. Bu gökdirän diňe bir beýikligi bilen däl, eýsem binalaryň içerki meýdany boýunça hem dünýäde......

08.05.2026 11:49
5.5k+

Ýaponiýada çagalaryň sany rekord derejede azaldy

Ýaponiýada çagalaryň sany azalyp, taryhdaky iň pes derejesine ýetdi. Ýaponiýanyň Dolandyryş işleri we kommunikasiýalar ministrliginiň maglumatlarynda 2026-njy ýylyň 1-nji apreline çenli ýurtda 15 ýaşdan kiçi......

30.04.2026 18:37
2k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokiodaky “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy

27–29-njy aprel aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekillerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy.......

28.04.2026 14:27
6.8k+

Tokioda energiýa çykdajylaryny azaltmak üçin döwlet gullukçylaryna şorty geýmek maslahat berilýär

Tokio häkimiýeti döwlet gullukçylaryna mümkin boldugyndan ýeňil geýime geçmegi, şol sanda şorty, polo köýneklerini we krossowkalary geýmegi resmi taýdan maslahat berdi. «The Guardian» neşiriniň......