В преддверие годовщины независимости Туркменистана состоялось расширенное заседание Правительства

  • 21.09.2021 14:13
  • 12k+

20-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Giňişleýin mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri çagyryldy.

Döwlet Baştutany, ilki bilen, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçiren işler barada hasabaty diňläp, iş kesilen raýatlarymyzyň 2058-sini we daşary ýurtly raýatlaryň 6-syny mundan beýläk jeza çekmekden boşatmak hakynda Permanlara gol çekdi.

Soňra Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk barada maglumat berdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahaty, Ministrler Kabineti, ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimlikleri, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde yzygiderli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Mejlisi guramaçylykly geçirmek boýunça meýilnama taýýarlanyldy, onda guramaçylyk meseleleri bilen baglanyşykly ähli çözgütler göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew hem Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk barada maglumat berdi. Gurbanguly Berdimuhamedow umumymilli foruma hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň, onuň gün tertibini taýýarlamaga jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi.

         Şeýle hem wise-premýerleriň ählisi öz gözegçilik edýän pudaklarynda hem-de sebitlerinde Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna we Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada gezekli-gezegine hasabat berdiler. Türkmen Lideri ýolbaşçylara bu çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle-de mejlisiň dowamynda 28-nji sentýabrda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşygynyň geçiriljekdigi bellenildi. At çapyşyklarynyň ýedisi geçirilip, şolarda ýeňiji bolanlara gymmat bahaly baýraklar gowşurylar.


вчера 22:11
1k+

Наследие Махтумкули Фраги обсудили на конференции в Тегеране

16–17 июня в Тегеране состоялся ряд мероприятий, посвящённых жизни и творчеству великого туркменского поэта и мыслителя Махтумкули Фраги. Об этом сообщает пресс-служба МИД Туркменистана....

17.06.2026 11:24
6k+

В Туркменистане запустили кампанию в поддержку грудного вскармливания

В Туркменистане стартовала национальная кампания, направленная на поддержку матерей в обеспечении исключительно грудного вскармливания детей в первые шесть месяцев жизни....

15.06.2026 22:10
3.8k+

Шахматистка из Туркменистана стала лучшей среди женщин на турнире в Актобе

Шахматистка из Туркменистана Мяхри Агамурадова стала лучшей среди женщин на международном турнире «Мемориал Владимира Дворковича – Aktobe Open 2026», который проходил с 3 по 11 июня в Актобе, Казахстан....

15.06.2026 21:13
4k+

В Туркменистане соткали ковёр по мотивам сказок Пушкина

Туркменская ковровая компания El Darak совместно с Национальным музеем туркменского ковра создала рукотворное полотно по мотивам сказок Александра Пушкина. Проект реализован как символ дружбы между......