Apple iPhone 13-i r­esmi taýdan tanyşdyrd­y

  • 15.09.2021 23:27
  • 13k+

Apple özüniň “iPhone 13”, “13 mini”, “13 Pro” we “13 Pro Max” smartfonlaryny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu smartfonlar maşgalasy "alma" kompaniýasynyň däp bolan sentýabr sergisinde görkezildi. Bu barada RIA Nowosti habar berdi.

Täze smartfonlaryň dizaýnynda esasy täzelikleriň biri - ekrandaky kesik bolup durýar. Ol “FaceID” ulgamy işe girizileli bäri ilkinji gezek ulanylmak bilen, onda öňki nesilleriň displeýleriniň diagonaly saklanypdyr. “IPhone 13” bilen “13 mini”-niň kameralarynyň ýerleşişi öňküsinden tapawutlanýar - indi olar gapdallygyna ýa-da aşaklygyna däl-de, diagonal boýunça hatara düzülipdir. Galan smartfonlaryň kameralary öňkülerinden kän bir tapawutlanmaýar.

“IPhone”-yň pro-wersiýalarynda ýokary täzelenme tizligi 120 Hz bolan OLED displeýleri bar. Bu tehnologiýa “ProMotion” diýlip atlandyrylýar.

Ähli täze önümleriň apparat platformasy täze 5 nanometrlik “Apple Bionic A15” prosessorydyr. Bu prosessoryň kömegi bilen smartfonlaryň öndürijiligi, şol sanda grafikasy has-da gowulandyryldy. Emeli intellekti ulanylyşy ep-esli gowulaşdy.

“IPhone 13” we “13 mini” täze giň burçly kamera bilen enjamlaşdyryldy, ýöne durulygy öňki 12 megapikselligine galdy.

Möhüm täzelikleriň biri soňky modellerde minimal ýadynyň derejesiniň ýokarlanmagy boldy - indi ol 128 Gb-den başlaýar we onuň ilkinji gezek 1TB wersiýasynyň hem bolmagyna garaşylýar.


23.05.2026 10:37
3.9k+

Apple iPhone 18 Pro-nyň displeýleriniň önümçiligini Samsung bilen LG-ä ynanar

Apple kompaniýasy iPhone 18 Pro hatary üçin üpjünçilik zynjyryny jemlemegiň üstünde işleýär. Pudaklaýyn çeşmeleriň maglumatyna görä, kompaniýa şu aýyň dowamynda iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max modelleri......

22.05.2026 15:11
2.2k+

AirTag arkaly yzarlanan 30-dan gowrak kişi Apple garşy arza ýazdylar

Apple-niň üstünden AirTag trekerleri arkaly yzarlanandyklaryny aýdýan ulanyjylaryň 30-dan gowragy şikaýat etdi diýip, MacRumors neşiri habar berýär....

22.05.2026 14:49
755

Intel iPhone-nyň we iPad-yň käbir modelleri üçin prosessorlary öndürip başlady

Apple-iň üpjünçilik zynjyry boýunça analitigi Ming-Çi Kuo Intel kompaniýasynyň iPhone-nyň, iPad-yň hem-de Mac-yň arzan we köne modelleri üçin prosessorlary öndürip başlandygyny habar berdi....

21.05.2026 12:26
6.8k+

Apple duýdansyz ýagdaýda Hytaýda iPhone 17 Pro-nyň bahalaryny döwdi: arzanladyşlar baryp 300 dollara ýetýär

Apple kompaniýasy Hytaýda iPhone 17 seriýasynyň bahalaryny aşakladyp başlady. 15-nji maýdan başlap, iPhone 17 Pro-nyň bahasy 1000 ýuan (147 dollar) arzanlady, trade-in maksatnamalaryny we goşmaça subsidiýalary......